«Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrar


Türkmenistanyň milli öýjükli aragatnaşyk operatory bolan «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tehniki taýdan işjeň döwrebaplaşdyryş tapgyryna gadam basýar. 17-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýokary tehnologiýaly enjamlaryň toplumlaryny satyn almak we sanly çözgütleri hödürleýän dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça amala aşyrylýan amaly işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew hasabat berdi.
Infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak taslamasy toruň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga, ýurduň ähli welaýatlarynda 4G aragatnaşyk ulgamynyň gurşawyny durnukly giňeltmäge we täze sanly hyzmatlary ornaşdyrmak üçin zerur tehniki binýady döretmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow taýýarlanylan teklipleri makullap, ilatyň we hojalyk işlerini alyp barýan kärhanalaryň elýeterli nyrhlar boýunça üznüksiz hem-de ýokary tizlikli öýjükli aragatnaşyk bilen üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi.









