Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrundaky döredijilik bäsleşigi yglan edildi


17-nji oktýabr, şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa döwlet Baştutanyna “Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Bu bäsleşigiň çäklerinde medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň, edebiýatçylaryň, dutarçy sazandalaryň we beýleki döredijilik ugurlarynyň wekilleriniň, şeýle hem höwesjeň ýaş aýdymçylaryň we zehinli çagalaryň arasynda umumymilli bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiň döredijilik bäsleşiginiň jemlerini 2027-nji ýylyň sentýabr aýynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňisyrasynda jemlemek göz öňünde tutulýar.
“Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyna dalaşgärler üçin geçirilýän bäsleşik ýurtda zehinli adamlary ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen guralýan dürli döredijilik bäsleşikleriniň arasynda esasy orunlaryň birini eýeleýär.
Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow wise-premýeriň tekliplerini makullap, döredijilik bäsleşigini yglan etmek hakyndaky Karara gol çekdi. Resminama dolylygyna “Edebiýat we sungat” gazetinde çap edilýär.









