HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň sebitlerinde durnukly ösüş maksatlary ýerli şertlere uýgunlaşdyrylýar

Oktýabr 14, 2026 | 00:06 |6842
Türkmenistanyň welaýatlarynda Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) ýerli şertlere uýgunlaşdyrmaga bagyşlanan amaly okuw maslahatlarynyň tapgyry tamamlandy. BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bilermenler sessiýasy Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlaryny, şeýle hem Türkmenbaşy şäherini öz içine aldyTürkmenistanyň welaýatlarynda Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) ýerli şertlere uýgunlaşdyrmaga bagyşlanan amaly okuw maslahatlarynyň tapgyry tamamlandy. BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bilermenler sessiýasy Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlaryny, şeýle hem Türkmenbaşy şäherini öz içine aldy
Çeşme: BMG-niň Ösüş maksatnamasy

Türkmenistanyň welaýatlarynda Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) ýerli şertlere uýgunlaşdyrmaga bagyşlanan amaly okuw maslahatlarynyň tapgyry tamamlandy. BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bilermenler sessiýasy Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlaryny, şeýle hem Türkmenbaşy şäherini öz içine aldy.

Duşuşyklaryň esasy maksady BMG-niň ählumumy ösüş ugurlaryny ýerli häkimlikler, telekeçiler we degişli hünärmenler üçin amaly gurala öwürmekden ybarat boldy. Gatnaşyjylar umumy görkezijileriň ýerine her sebitiň anyk zerurlyklaryna, şol sanda serişdelerden rejeli peýdalanmaga, durmuş infrastrukturasyny ösdürmäge, kiçi telekeçiligi goldamaga we täze iş orunlaryny döretmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

turkmenistan-regions-sustainable-development-goals-localization-Balkan_113949 (2).jpg

Toparlaýyn işleriň dowamynda ýerli häkimlikleriň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, bilim edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri öz sebitleri üçin ileri tutulýan ugurlaryň sanawyny düzdüler. Bu teklipler ýerli häkimiýetlere sebit býujetlerini has takyk meýilleşdirmäge, netijeli dolandyryş çözgütlerini kabul etmäge we ilatyň ýaşaýyş derejesine obýektiw baha bermäge ýardam eder.

Bu çemeleşme 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ählumumy ösüş gün tertibini nazaryýetden amaly özgertmelere geçirmäge mümkinçilik berýär. Şunda her welaýat özboluşly mümkinçiliklerini we zerurlyklaryny göz öňünde tutup, ykdysadyýetini ösdürýär.

turkmenistan-regions-sustainable-development-goals-localization-Balkan_113949 (3).jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

21:00 Oktýabr 31, 2026
Pekinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çykyşlarynyň ýygyndysy tanyşdyryldy

Pekinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çykyşlarynyň ýygyndysy tanyşdyryldy

20:00 Oktýabr 31, 2026
Germaniýanyň Prezidenti Hytaýy häzirki dünýäde möhüm ähmiýete eýe ýurt diýip atlandyrdy

Germaniýanyň Prezidenti Hytaýy häzirki dünýäde möhüm ähmiýete eýe ýurt diýip atlandyrdy

18:00 Oktýabr 31, 2026