HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Planetamyzda iň agyr haýwanlary: gury ýeriň we ummanlaryň ägirtleriniň sanawy

Oktýabr 15, 2026 | 18:12 |1379
Planetamyzda ýaşaýan iň iri haýwanlaryň ölçegleri haýran galdyrýar. Emma gury ýerde ýaşaýan haýwanlar bilen deňiz ägirtleriniň agramynyň arasynda örän uly tapawut barPlanetamyzda ýaşaýan iň iri haýwanlaryň ölçegleri haýran galdyrýar. Emma gury ýerde ýaşaýan haýwanlar bilen deňiz ägirtleriniň agramynyň arasynda örän uly tapawut bar
Çeşme: naked-science.ru

Planetamyzda ýaşaýan iň iri haýwanlaryň ölçegleri haýran galdyrýar. Emma gury ýerde ýaşaýan haýwanlar bilen deňiz ägirtleriniň agramynyň arasynda örän uly tapawut bar. “Fact Animal” we “World Atlas” neşirleriniň maglumatlaryna görä, gury ýerde we suwda ýaşaýan haýwanlaryň hasaba alnan iň ýokary agram görkezijileri biri-birinden birnäçe esse däl-de, eýsem, onlarça we ýüzlerçe esse tapawutlanyp biler. Getirilen sanlar her bir görnüşiň uly ýaşly wekilleriniň adaty agramyny däl-de, hasaba alnan takmynan iň ýokary agramyny görkezýär.

Gury ýerde ýaşaýan iň agyr haýwan afrika sawanna pilidir. Onuň iň ýokary agramy 10 400 kilograma ýetýär. Deňeşdirmek üçin, aziýa pili bilen afrika tokaý piliniň agramy takmynan 4 000 kilograma deňdir. Gury ýerde ýaşaýan iň iri on haýwanyň sanawyny bolsa agramy takmynan 900 kilogram bolan bizon tamamlaýar. Gury ýerde ýaşaýan haýwanlar öz bedenleriniň ähli agramyny götermeli we agyrlyk güýjüni ýeňmeli bolýarlar. Bu ýagdaý olaryň ölçeglerine we uzak aralyklara hereket etmek ukybyna tebigy çäklendirmeleri döredýär.

Ummanda ýagdaý düýbünden başgaça. Bu ýerde öňdeligi gök kit eýeleýär. Ol Ýeriň taryhynda ýaşap geçen iň agyr haýwan bolup, onuň iň ýokary agramy takmynan 190 tonna ýetýär. Ondan soňra Demirgazyk Ýuwaş umman ýylmanak kitleri, finwal we Grenlandiýa kitleri gelýär. Olaryň agramy takmynan 118 tonna ýetýär. Suw gurşawy fiziki şertleri düýpli üýtgedýär: suwuň göteriji güýji bedeniň ägirt uly agramyny goldaýar, bedeniň uly göwrümi bolsa ýylylygy has netijeli saklamaga ýardam edýär.

Kitleriň ewolýusiýasy millionlarça ýyl dowam edipdir. Şol döwürde olaryň gury ýerde ýaşan ata-babalary ummanda ýaşamaga uýgunlaşyp, akymly beden gurluşyna we güýçli guýruga eýe bolupdyrlar. Stenford uniwersitetiniň barlagçylarynyň bellemegine görä, suwda ýaşaýan süýdemdirijileriň iň ýokary ölçegleri ýaşaýyş işjeňligini üpjün etmek üçin zerur bolan ägirt uly energiýa çykdajylary bilen çäklendirilýär. Şol bir wagtyň özünde, deňiz ägirtleriniň agramyny takyk ölçemek örän kyn mesele bolup durýar. Şonuň üçin rekord görkezijiler köplenç takmynan hasaplamalara esaslanýar ýa-da gytaklaýyn ölçegleriň kömegi bilen kesgitlenýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026