HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly bilermenler Jakartada ÝUNESKO-nyň seminaryna gatnaşýarlar

Oktýabr 14, 2026 | 23:21 |7780
Türkmenistanyň wekiller Jakartada öz işine başlan ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Halkara okuw seminaryna gatnaşýarlar. Taryhy golýazmalary we arhiw resminamalaryny gorap saklamak hem-de olary degişli sanawa hödürlemek meselelerine bagyşlanan bu forum Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde maksatnamanyň durmuşa geçirilip başlanaly bäri geçirilen iň iri çäre boldyTürkmenistanyň wekiller Jakartada öz işine başlan ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Halkara okuw seminaryna gatnaşýarlar. Taryhy golýazmalary we arhiw resminamalaryny gorap saklamak hem-de olary degişli sanawa hödürlemek meselelerine bagyşlanan bu forum Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde maksatnamanyň durmuşa geçirilip başlanaly bäri geçirilen iň iri çäre boldy
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň wekiller Jakartada öz işine başlan ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Halkara okuw seminaryna gatnaşýarlar. Taryhy golýazmalary we arhiw resminamalaryny gorap saklamak hem-de olary degişli sanawa hödürlemek meselelerine bagyşlanan bu forum Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde maksatnamanyň durmuşa geçirilip başlanaly bäri geçirilen iň iri çäre boldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Maksat Meredow girdi. Bäş günlük seminar Indoneziýanyň Milli arhiwi tarapyndan Indoneziýanyň we ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Koreýa Respublikasynyň milli toparlary, şeýle hem Koreýanyň Miras gullugy bilen bilelikde guraldy.

Seminaryň amaly maksatnamasy milli hünärmenleri taýýarlamaga we häzirki zaman halkara standartlaryny özleşdirmäge gönükdirilendir. Öňdebaryjy bilermenler sebitiň 16 ýurdundan gelen hünärmenlere seýrek duş gelýän kolleksiýalaryň fiziki ýagdaýyna baha bermegiň, olary saklamak bilen bagly töwekgelçilikleri dolandyrmagyň, sanly arhiwleşdirmegiň usullaryny hem-de milli golýazma kitaplaryny ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly halkara sanawyna girizmek üçin arzalary taýýarlamagyň aýratynlyklaryny öwredýärler.

Türkmen alymlarynyň we diplomatlarynyň Indoneziýada geçirilýän foruma gatnaşmagy ýurduň golýazmalar gaznasyny sanly görnüşe geçirmek boýunça işleri işjeňleşdirmäge hem-de Türkmenistanyň baý dokumental mirasyny dünýä derejesinde wagyz etmäge mümkinçilik berer. Jakartada geçirilýän seminar 18-nji oktýabra çenli dowam eder.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026