Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty


Şu günler Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Ýewropa Bileleşiginiň ylmy barlaglar we innowasiýalar boýunça iri «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde möhüm okuw maslahaty geçirildi.
Maslahata Ýewropa Komissiýasynyň Ylmy barlaglar we innowasiýalar boýunça Baş müdirliginiň innowasiýa meseleleri boýunça maslahatçysy Kseniýa Sawçenko, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy-barlag edaralarynyň wekilleri, mugallymlar we ýaş alymlar gatnaşdylar.
Tebigy hem-de ynsanperwer ylymlary ösdürmek, halkara taslamalara işjeň goşulmak we bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny amala aşyrmak maslahatlaşmalaryň özenini düzdi.
Okuw maslahatynyň dowamynda Kseniýa Sawçenko «Horizon Europe» maksatnamasynyň amala aşyrýan mümkinçilikleri, ylmy grantlar, bilelikdäki barlag taslamalaryna gatnaşmagyň düzgünleri hem-de innowasion çözgütleri ösdürmegiň usullary barada giňişleýin tanyşdyryş bilen çykyş etdi.

Bellenilişi ýaly, uniwersitetlerimizde we ylmy edaralarymyzda halkara standartlaryna gabat gelýän ylmy-barlag binýadynyň kemala gelmegi «Horizon Europe» ýaly abraýly maksatnamalaryň çäginde hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge uly itergi berýär.







