HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşkentde häzirki zaman sungatynyň XI halkara biennalesi: esasy wakalar we geçiriljek meýdançalar

Oktýabr 15, 2026 | 18:19 |1422
12–16-njy oktýabr aralygynda Özbegistanda Häzirki zaman sungatynyň Daşkent şäherinde geçirilýän XI halkara biennalesi kabul edilýär12–16-njy oktýabr aralygynda Özbegistanda Häzirki zaman sungatynyň Daşkent şäherinde geçirilýän XI halkara biennalesi kabul edilýär
Çeşme: «Dunýo» habarlar agentligi

12–16-njy oktýabr aralygynda Özbegistanda Häzirki zaman sungatynyň Daşkent şäherinde geçirilýän XI halkara biennalesi kabul edilýär. Şu ýyl giň gerimli medeni forumyň esasy mowzugy «Wakalaryň gözýetimi» diýlip atlandyryldy. Bu mowzuk çalt ösýän tehnologiýalaryň we medeni özgerişleriň döwründe adamyň ornuna nazar aýlar.

Biennalenin dabaraly açylyş dabarasy paýtagtyň Merkezi sergi zalynda geçirildi. Daşary ýurtly we özbegistanly ussatlaryň işleri Daşkent şäheriniň esasy muzeýlerinde we galereýalarynda görkezilýär. Olaryň hatarynda Fotosurat öýi, Behzod adyndaky Miniatýura sungaty muzeýi, Şekillendiriş sungaty galereýasy we Ikuo Hirayama adyndaky Kerwen saraýy bar.

Myhmanlara baý maksatnama garaşýar. Onuň çäklerinde çeperçilik çykyşlary, ussatlyk sapaklary, ylmy maslahatlar we Özbegistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan «Çarhpalak» sergisi geçiriler. Mundan başga-da, gatnaşyjylar üçin Samarkant şäherine gezelenç guralýar. Bu bolsa syýahatçylara we sungat muşdaklaryna häzirki zaman sungat taslamalary bilen tanyşlygy ýurduň gadymy taryhyny öwrenmek bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Biennale 2001-nji ýyldan bäri her iki ýylda bir gezek geçirilýär. Guramaçylar Daşkent şäherini medeniýetleriň çatrygynda ýerleşýän we täze manylaryň gözlenýän ýeri bolan özboluşly simwoliki şäher hökmünde görkezýärler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026