HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Panamada ýer titremesinde zeper ýeten hassahana näsaglara çadyrlarda kömek berýär

Oktýabr 13, 2026 | 15:00 |1141
Çeşme: orient.tm

Panamanyň Penonome şäherindäki Aquilino Tejeira hassahanasynyň lukmanlary anna güni bolan güýçli ýer titremesinden soň näsaglara açyk meýdandaky çadyrlarda gyssagly lukmançylyk kömegini berýärler.

Şenbe güni häkimiýetler zyýan çeken sebitlerde kömek işlerini utgaşdyrmak üçin adatdan daşary ýagdaý yglan etdi. 7,5 magnitudaly ýer titremesinden soň 200-den gowrak gaýtalanma sarsgynlary hasaba alyndy.

Hassahananyň binasyna hem zeper ýetdi. Operasiýa otagynyň içinde bölekleýin ýykylma bolup, ähli hirurgiki operasiýalar wagtlaýyn togtadyldy.

Gyssagly kömek bölüminiň ýolbaşçysy Aleks Barrionyň sözlerine görä, ýer titremesinden soň näsaglar işgärleriň kömegi bilen binadan çykaryldy. Häzirki wagtda hassahananyň awtoduralgasyndaky çadyrlarda gyssagly kömek we göwreli aýallara hyzmat edilýär, stasionar hem-de dikeldiş bölümleri bolsa wagtlaýyn modully jaýlara geçirildi.

Ilki bilen göwreli aýallara, süňkleri döwlen näsaglara we gyssagly lukmançylyk kömegine mätäç adamlara hyzmat edilýär. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, häzirlikçe örän agyr ýaralananlar ýok, emma dürli şikesler bilen ýüz tutýanlaryň sany köp. Hassahana azyk önümleri, agyz suwy, düşek esbaplary we arassaçylyk serişdeleri hem getirilýär.

CCTV+ habar bermegine görä, hassahananyň binasyna zeper ýetendigine we gaýtalanma sarsgynlarynyň dowam edýändigine garamazdan, lukmanlar wagtlaýyn şertlerde gyssagly kömegi dowam etdirýärler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

21:00 Oktýabr 31, 2026
Pekinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çykyşlarynyň ýygyndysy tanyşdyryldy

Pekinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çykyşlarynyň ýygyndysy tanyşdyryldy

20:00 Oktýabr 31, 2026
Germaniýanyň Prezidenti Hytaýy häzirki dünýäde möhüm ähmiýete eýe ýurt diýip atlandyrdy

Germaniýanyň Prezidenti Hytaýy häzirki dünýäde möhüm ähmiýete eýe ýurt diýip atlandyrdy

18:00 Oktýabr 31, 2026