HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Oktýabr 10, 2026 | 21:30 |249
Çeşme: orient.tm

Russiýa Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we dünýä bazarlaryna nebit hem-de nebit önümlerini ibermäge taýýardyr. Bu barada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin anna güni ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde aýtdy. Bu barada Kremlde habar berildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň liderleri Ukrainadaky krizisi düzgünleşdirmegiň geljegini, Eýranyň töweregindäki ýagdaýy we Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Wladimir Putin energiýa serişdeleriniň iberilmeginiň dünýä ykdysadyýetine oňyn täsir edip biljekdigini belledi.

Telefon söhbetdeşliginden soň Russiýanyň wise-premýeri Aleksandr Nowak dizel ýangyjynyň eksportyna girizilen çäklendirmeleriň möhletinden öň ýatyrylýandygyny habar berdi. Onuň sözlerine görä, Russiýa ABŞ-nyň bazaryna, şeýle hem beýleki hyzmatdaşlaryna goşmaça möçberde dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr.

Şu aýda 300 müň tonna, noýabr aýynda 500 müň tonna, dekabr aýynda bolsa 1 million tonna dizel ýangyjyny eksport etmek meýilleşdirilýär. Aleksandr Nowagyň bellemegine görä, şol bir wagtyň özünde Russiýanyň içerki bazary hem ýangyç bilen doly üpjün ediler.

Donald Tramp şol gün taraplaryň Russiýanyň dizel ýangyjyny ABŞ-a we dünýä bazarlaryna ibermek barada ylalaşyk gazanandygyny mälim etdi.

CCTV+-nyň habar bermegine görä, ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň Daşary ýurt aktiwlerine gözegçilik müdirligi Russiýanyň dizel ýangyjyny dünýä bazarynda satmaga, daşamaga, düşürmäge we import etmäge rugsat berýän wagtlaýyn umumy ygtyýarnamany berdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026