ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi
ABŞ-nyň Maliýe ministrligi Halkara Jenaýat Kazyýetini sanksiýalar sanawyna girizdi. Şeýlelikde, ozal kazyýetiň aýry-aýry wekillerine garşy ulanylan çäklendirmeler indi guramanyň özüne-de degişli edildi. Halkara Jenaýat Kazyýeti 9-njy oktýabrda guramanyň özüne garşy sanksiýalaryň girizilendigini tassyklady.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Waşingtonyň kazyýet bilen amallary gadagan etmegi we onuň serişdelerden peýdalanmak mümkinçiligini çäklendirmegi maksat edinýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, ABŞ Rim statutyna gatnaşyjy döwlet däldir we kazyýetiň öz ygtyýarlyklaryny ABŞ-nyň raýatlaryna degişli etmäge gönükdirilen synanyşyklaryna garşy çykýar.
Halkara Jenaýat Kazyýeti Specially Designated Nationals and Blocked Persons atly ýörite sanksiýalar sanawyna girizildi. Bu bolsa ABŞ-nyň ygtyýarlyklarynyň çägine düşýän aktiwleriň doňdurylmagyny, şeýle hem amerikan fiziki we ýuridik şahslarynyň gatnaşmagyndaky amallaryň çäklendirilmegini göz öňünde tutýar.
Şol bir wagtyň özünde, kazyýetiň işini wagtlaýyn üpjün etmek, maglumat tehnologiýalary boýunça hyzmatlary bermek, pensiýa töleglerini geçirmek we tussaglykda saklanylýan şahslar bilen bagly işleri amala aşyrmak ýaly käbir amallar üçin aýratyn rugsatlar hem göz öňünde tutuldy.
Mundan öň hem ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetiniň birnäçe wekiline garşy sanksiýalary girizipdi. 2026-njy ýylyň awgustynda kazyýet amerikan çäklendirmeleriniň 18 kazynyň dokuzyna, prokuroryň iki orunbasaryna, ozalky prokurora we kazyýetiň bir işgärine degişlidigini habar beripdi.
Halkara Jenaýat Kazyýeti täze çäklendirmeleri ret edip, olary kazyýetiň garaşsyzlygyna we halkara hukuk tertibine kast etmek hökmünde häsiýetlendirdi. Şeýle-de kazyýet öz üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmegi dowam etdirjekdigini mälim etdi. Kazyýet Rim statutynyň esasynda döredilip, oňa 125 gatnaşyjy döwlet goldaw berýär.
CCTV+-nyň habar bermegine görä, täze çäreler Waşington bilen Halkara Jenaýat Kazyýetiniň arasyndaky gapma-garşylygy aýry-aýry wezipeli adamlardan tutuş guramanyň özüne çenli giňeldýär.






