HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tähranda Şems Tebrizi we Möwlana Rumy ýaly şahyrdyr akyldarlary hatyralamak dabarasy geçirildi

Oktýabr 10, 2026 | 13:42 |1745
29-njy sentýabrda Tähranda Gündogaryň beýik şahyrlaryna we akyldarlaryna — Şems Tebrizi hem-de Möwlana Jelaleddin Rumä bagyşlanan dabaraly hatyralama çäresi geçirildi29-njy sentýabrda Tähranda Gündogaryň beýik şahyrlaryna we akyldarlaryna — Şems Tebrizi hem-de Möwlana Jelaleddin Rumä bagyşlanan dabaraly hatyralama çäresi geçirildi
Çeşme: wikipedia.org

29-njy sentýabrda Tähranda Gündogaryň beýik şahyrlaryna we akyldarlaryna — Şems Tebrizi hem-de Möwlana Jelaleddin Rumä bagyşlanan dabaraly hatyralama çäresi geçirildi. Çäräni Medeni mirasy gorap saklamak we wagyz etmek assosiasiýasy gurady.

Çärä sebitiň ýurtlarynyň öňdebaryjy alymlary, barlagçylary, medeniýet işgärleri we nusgawy şygryýetiň muşdaklary gatnaşdylar. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG / ECO) Medeniýet institutynyň prezidenti Muhammad Hasan çykyşynda Şems Tebriziniň we Rumynyň ruhy hem-de edebi mirasynyň aýry-aýry döwletleriň çäklerinden has uzaklara ýaýraýandygyny, sebitiň halklary üçin umumy medeni giňişligi kemala getirýändigini nygtady.

Duşuşyga gatnaşyjylar Möwlananyň özara hormat goýmak, ynsan mertebesi we medeniýetleriň arasyndaky dialog baradaky ynsanperwer garaýyşlarynyň häzirki döwürde hem ähmiýetlidigini bellediler. Çäräniň ahyrynda edebiýat, sungat we ýaşlar maksatnamalary arkaly umumy ruhy mirasy wagyz etmegiň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigi nygtaldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026