Gazada 20 müňden gowrak hassa lukmançylyk taýdan ewakuasiýa edilmegine garaşýar
Gaza zolagynda dowam edýän çylşyrymly ýagdaý ýerli saglygy goraýyş ulgamyny örän agyr ýagdaýa saldy. Derman serişdeleriniň we lukmançylyk enjamlarynyň ýetmezçiligi, şeýle hem ynsanperwer kömegine elýeterliligiň çäklendirilmegi sebäpli 20 müňden gowrak hassa we ýaraly adamlar zolagyň daşynda bejergi almak üçin ewakuasiýa edilmegine garaşýar.
Olaryň arasynda oňurga süňküne zeper ýeten alty ýaşly Sila Abu Karim hem bar. Onuň maşgalasynyň aýtmagyna görä, çaga operasiýa zerur, emma zerur enjamlaryň ýoklugy sebäpli ony Gazada geçirmek mümkin däl.
10 ýaşly Tala Uda hem zolagyň daşynda bejergi almaga mätäç. Onuň ýagdaýy myşsalaryň dowamly gowşaklygy sebäpli ýaramazlaşdy. Gazanyň demirgazygyndaky öýleriniň weýran bolmagyndan soň maşgalasy ýaşaýan ýerini terk etmäge mejbur boldy, gyzjagaz bolsa häzir mümkinçiligi çäkli adamlaryň arabasynda hereket edýär.
Onkologiýa kesellerinden ejir çekýän näsaglar üçin hem agyr ýagdaý dowam edýär. Zerur derman serişdeleriniň ýetmezçiligi sebäpli olaryň käbiriniň bejergisi togtadyldy, daşary çykmaga rugsat berilmegine garaşmak bolsa birnäçe aý bäri dowam edýär.
Gazanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna görä, 1 600-den gowrak näsag lukmançylyk taýdan ewakuasiýa edilmegine garaşyp ýetişmän aradan çykdy. Häzirki wagtda her gün zolagyň daşyna takmynan 20 hassa çykarylýar.
Edaranyň habar bermegine görä, ewakuasiýa edilmegine garaşýan 20 müňden gowrak adamyň arasynda ýagdaýy agyr bolan 194 hassa, takmynan 2 müň gyssagly ýagdaýdaky hassa we 5 müňden gowrak çaga bar.
"CCTV+"niň habar berşi ýaly, zolagyň daşyndaky bejergä elýeterliligiň çäklendirilmegi we lukmançylyk serişdeleriniň ýetmezçiligi Gazanyň saglygy goraýyş ulgamyna güýçli basyş etmegini dowam etdirýär.






