HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Wengriýanyň logistika kompaniýasy ýangyç çökgünliginiň ýük daşamalaryna edýän basyşynyň artýandygyny habar berdi

Oktýabr 07, 2026 | 12:00 |610
Çeşme: orient.tm

Wengriýanyň iri logistika kompaniýasy Supernova Intertrans Kft. ýangyjyň bahalarynyň düýpli üýtgemegi, üpjünçilikde bökdençlikleriň ýüze çykmagy we sürüjileriň ýetmezçiligi sebäpli ýük daşama pudagyna edilýän basyşyň güýçlenýändigini habar berdi.

Budapeştiň golaýynda ýerleşýän kompaniýanyň takmynan 200 ýük ulagyndan ybarat awtoulag parky bar. Ol Wengriýanyň iri halkara ýük daşaýjylarynyň hataryna girýär.

Kompaniýanyň baş direktory Balaž Wereş ýangyjyň bahalarynyň henizem durnuksyz bolmagynda galýandygyny, Wengriýada we Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda dizel ýangyjynyň üpjünçiliginde bökdençlikleriň hasaba alnyp başlanandygyny belledi. Sürüjileriň ýetmezçiligi hem goşmaça mesele bolup, bu ýagdaý tutuş sebit boýunça ulag pudagyna täsir edýär.

Wereşiň sözlerine görä, kiçi we orta göwrümli ýük daşaýjy kompaniýalar aýratyn-da ejiz ýagdaýda galýar. Soňky bäş ýylyň dowamynda Wengriýada takmynan 2 300 kompaniýa batyp galyp ýa-da ulag daşamalary üçin ygtyýarnamalaryndan ýüz öwrüp, içerki we halkara ýük daşama bazaryndan çykypdyr.

Ol ýük daşama pudagynyň ykdysady işjeňlikdäki üýtgeşmelere ilkinji bolup täsir edýän pudaklaryň biridigini hem belledi. Sentýabryň başyndan bäri ýük daşamalarynda belli bir janlanma hasaba alnandygyna garamazdan, ýangyç çykdajylarynyň ýokarlanmagy we Ýakyn Gündogarda dowam edýän çaknyşyklaryň netijeleri Ýewropa ykdysadyýetine edilýän basyşy güýçli ýagdaýda saklaýar.

CCTV+-yň habar bermegine görä, ýangyjyň bahasynyň ýokarlanmagy, dizel ýangyjynyň üpjünçiliginde bolup biljek bökdençlikler we işçi güýjüniň ýetmezçiligi Ýewropanyň logistika zynjyrlary üçin, aýratyn-da kiçi ulag kompaniýalary üçin goşmaça töwekgelçilikleri döredýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026