Sergeý Lawrow Raşid Meredow bilen gepleşiklerde Awazadaky halkara forumlarynyň gerimine ýokary baha berdi


«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy möhüm halkara çäreleriniň tapgyry üçin merkezi meýdança öwrüldi. 7-nji oktýabrda Türkmenbaşy şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Russiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy däp bolan myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň ýokary depginler bilen ösýändigini nygtady. Sergeý Lawrow şu hepdäniň diplomatik maksatnamasynyň aýratyn many-mazmuna baýdygyny belläp, onuň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde daşary işler ministrleriniň we döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşyklary, şeýle hem «Hazar bäşliginiň» ýurtlarynyň köpden bäri garaşylan ekologik sammitini öz içine alýandygyny aýtdy.
Russiýaly diplomat giriş sözünde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky utgaşyklygyň derejesini aýratyn belledi we ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtady.
Awazadaky duşuşyk strategik hyzmatdaşlygy we halkara meýdançalarynda özara goldawy pugtalandyrmak boýunça mundan beýläkki ädimleri kesgitlemäge gönükdirilendir. Sergeý Lawrow şeýle hem Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny we halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen gutlap, Moskwanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine kanagatlanma bildirýändigini tassyklady.






