Palandöken Ykdysady forumy 2026: Türkiýede ählumumy maýa goýumlarynyň täze formulasy ara alnyp maslahatlaşylar


2026-njy ýylyň 4–6-njy dekabry aralygynda Türkiýäniň Erzurum şäherindäki Palandöken dag-lyža merkezinde II Palandöken Ykdysady forumy — Palandöken Ekonomi Forumu 2026 (PEF) geçiriler. Giň gerimli halkara duşuşygyň esasy temasy «Ählumumy näbellilik şertlerinde maýa: Maýa goýumlarynyň täze deňlemesi» bolar.
Häzirki zaman dünýä ykdysadyýeti giň gerimli özgerişlikleri başdan geçirýär: proteksionizmiň güýçlenmegi, geosyýasy dartgynlylyk we sanlylaşdyrma adaty söwda ýollaryny hem-de maýa goýumlarynyň ileri tutulýan ugurlaryny üýtgedýär. Palandöken forumy täze töwekgelçilikler şertlerinde döwlet ýolbaşçylarynyň, maýadarlaryň we bilermenleriň bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlap biljek abraýly meýdançasyna öwrülmegi maksat edinýär.
Forumy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan açar. Oňa Türkiýäniň wise-prezidenti we ministrleri, Ýewraziýa ýurtlarynyň söwda we ykdysadyýet ministrlikleriniň ýolbaşçylary, halkara maliýe institutlarynyň hem-de iri işewürler birleşikleriniň ýolbaşçylary gatnaşarlar.
Foruma degişli iş maksatnamasy dört strategik formaty öz içine alýar:
• Türkiýe Respublikasynyň ministrleriniň mejlisi;
• Ýewraziýa ýurtlarynyň söwda ministrleriniň duşuşygy;
• Maliýe pudagynyň ýolbaşçylarynyň sessiýasy;
• TOBB-yň (Türkiýäniň Palatalar we haryt biržalary birleşiginiň) hem-de Arap döwletleriniň ligasynyň ýörite sessiýasy.
Gatnaşyjylar esasy pudaklary maliýeleşdirmek, ählumumy söwdanyň özgermegi, howa gün tertibi, şeýle hem Ýewraziýa bilen arap dünýäsiniň arasynda täze maýa goýum hyzmatdaşlyklaryny döretmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.
Forum amaly netijä gönükdirilendir. PEF 2026-nyň çäklerinde täze söwda we maýa goýum ylalaşyklaryny baglaşmak maksady bilen B2B we B2G duşuşyklary geçiriler. Akkreditasiýa edilen gatnaşyjylar üçin guramaçylar ýaşamak bilen bagly çykdajylary öz üstlerine alýarlar. Şeýle hem gatnaşyjylara iş maksatnamasyny Palandökeniň gyşky şypahanasynda dynç almak bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berilýär.
Hasaba alnyş we akkreditasiýa 2-nji noýabra çenli açyk.
Çäre barada giňişleýin maglumat resmi web sahypasynda elýeterlidir: http://www.forumpalandoken.org/
ORIENT






