Gaz geçirijisindäki partlama Damaskyň etegindäki üç elektrik bekedini hatardan çykardy
Damaskyň etegindäki gaz geçirijisinde bolan partlama netijesinde üç elektrik bekediniň işi togtady we Siriýanyň paýtagtynyň hem-de golaýdaky sebitleriň energetika ulgamyna düşýän ýük artdy.
Tişrin ýylylyk elektrik bekedini gaz bilen üpjün edýän geçirijisine zeper ýeteninden soň Deýr-Ali, Nasiriýa we Tişrin elektrik bekedleri işden çykaryldy. Siriýanyň Elektrik energetikasy kompaniýasynyň habar bermegine görä, heläkçilik elýeterli elektrik önümçiliginiň azalmagyna we elektrik togunyň wagtlaýyn kesilýän döwürleriniň uzamagyna getirdi.
Gaz üpjünçiligi dikeldilenden soň, Deýr-Ali we Nasiriýa elektrik beketleri täzeden işe girizildi. Tişrin elektrik bekedi bolsa enjamlaryň we gaz infrastrukturasyna zeper ýetmegi sebäpli heniz hem işlemeýär. Tehniki hünärmenler gözden geçiriş we abatlaýyş işlerini dowam etdirýärler.
Ykdysadyýet boýunça bilermen Ýahýa Rakaž energiýa üpjünçiligindäki bökdençlikleriň ilatyň durmuşyna, ulag ulgamyna we önümçilige gönüden-göni täsir edýändigini, zeper ýeten infrastrukturany dikeltmegiň bolsa döwlet üçin goşmaça çykdajylary döredýändigini belledi.
Partlamanyň sebäbi häzirlikçe resmi taýdan anyklanylmady. Ygtyýarly edaralar zyýanyň möçberine baha bermek bilen bir hatarda derňew işlerini dowam etdirýärler.
“CCTV+”-niň habar bermegine görä, bu heläkçilik Siriýanyň energetika infrastrukturasyna düşýän ýüki ýene-de artdyrdy. Häzirki wagtda esasy wezipeler Tişrin elektrik bekedini dikeltmek we zyýan ýeten sebitlerde elektrik üpjünçiligini durnuklaşdyrmakdan ybarat.








