HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Nyuşanyň, Hadiseniň, Murat Bozyň we Maýa Diabyň gatnaşmagynda Aşgabatda baýramçylyk konserti geçiriler

Oktýabr 05, 2026 | 23:30 |5521
Meşhur daşary ýurtly aýdymçylaryň gatnaşmagynda uly baýramçylyk konserti 9-njy oktýabrda «Aşgabat» stadionynda geçirilerMeşhur daşary ýurtly aýdymçylaryň gatnaşmagynda uly baýramçylyk konserti 9-njy oktýabrda «Aşgabat» stadionynda geçiriler
Çeşme: Orient.tm

Meşhur daşary ýurtly aýdymçylaryň gatnaşmagynda uly baýramçylyk konserti 9-njy oktýabrda «Aşgabat» stadionynda geçiriler. Çäräniň başlanmagy sagat 18:00-a meýilleşdirilýär. Bu barada Aşgabat şäher häkimliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Tomaşaçylaryň öňünde rus aýdymçysy Nyuşa, türk ýerine ýetirijileri Hadise we Murat Boz, şeýle hem liwan aýdymçysy Maýa Diab çykyş ederler. Konsert maksatnamasynyň çäginde tanymal ýerine ýetirijileriň iň meşhur aýdymlary ýaňlanar.

Petegiň bahasy 200 manat. Olary Aşgabat şäher häkimliginiň resmi saýty we «Sanly şäher» ykjam goşundysy arkaly onlaýn satyn alyp bilersiňiz. Töleg bank karty arkaly amala aşyrylýar.

Petek satyn alnanda tomaşaçy stadion sektoryny saýlaýar, şondan soň orunlar awtomatiki ýagdaýda kesgitlenilýär. Bir bank hasabyndan bäş sany petek satyn alyp bolar.

Petekleri satyn almak boýunça jikme-jik görkezmeler Aşgabat şäher häkimliginiň resmi saýtynda ýerleşdirildi.

Guramaçylaryň belleýşi ýaly, bu konsert halklaryň arasyndaky dostlukly we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge ýardam eder.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026