Najaf howa menzili Eýrana gündelik gatnawlaryny täzeden ýola goýýar
Yragyň merkezi böleginde ýerleşýän Najaf halkara howa menzili ýekşenbe gününden başlap, Eýran bilen gündelik howa gatnawlaryny täzeden ýola goýýar.
Agşam Najaf bilen Eýranyň Maşat we Tähran şäherleriniň arasynda howa gatnawlary amala aşyrylyp başlanar. Mundan ozal Yragyň Premýer-ministri Ali al-Zaidiniň diwany Mahan Air-den başga Eýranyň awiakompaniýalaryna Najaf howa menziline we yzyna günde 40-a çenli gatnawy amala aşyrmaga rugsat berýän ylalaşygyň gazanylandygyny habar beripdi.
Yragyň hökümeti şeýle hem birnäçe howa menzili üçin sanksiýa düzgüninden kadadan çykmalary almak we ynsanperwerlik maksady bilen Eýrana howa gatnawlaryny dikeltmek üçin ABŞ bilen göni gepleşikler geçirýändigini mälim edipdi.
Najaf howa menzili ABŞ-nyň Eýranyň awiasiýa pudagyna garşy täze sanksiýa çärelerini girizmeginden soň, 25-nji sentýabrda Eýrana we Eýrandan amala aşyrylýan ähli gatnawlary wagtlaýyn togtadypdy.
CCTV+-nyň habar bermegine görä, gatnawlaryň täzeden başlamagy Yrak bilen Eýranyň arasyndaky esasy howa aragatnaşyk ugurlarynyň birini dikeldýär. Geljekde gatnawlaryň möçberi hereket edýän sanksiýa çäklendirmelerine we gazanylan kadadan çykmalara bagly bolar.







