TIF 2026 forumynda Türkmenistanyň Antalýada geçiriljek COP31 maslahatyna taýýarlaýan ekologik başlangyçlary yglan edildi


Howanyň durnuklylygy, senagatyň uglerod zyňyndylaryny azaltmak we innowasion maliýe tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meseleleri 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň 8-nji mejlisiniň üns merkezinde boldy. Ara alyp maslahatlaşmalaryň möhüm täzelikleriniň biri Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary Nury Jumаşowyň çykyş etmegi boldy. Ol şu ýylyň noýabr aýynda Antalýada geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde Türkmenistanyň ýörite ugurdaş çäresiniň geçiriljekdigini yglan etdi. Halkara meýdançada Türkmenistan özüniň ählumumy we sebit ekologik başlangyçlaryny, şeýle hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak babatynda gazanan amaly netijelerini hödürlär.
Ekologiýa ulgamynda forumyň möhüm amaly netijeleriniň biri metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça Ählumumy maksatnamanyň çäklerinde Bütindünýä banky bilen bilelikdäki taslamanyň işe girizilmegi bolar. TIF 2026 forumynyň çäklerinde grant ylalaşygynyň gol çekilmegi bilen durmuşa geçirmek tapgyryna geçen bu hyzmatdaşlyk MRV gözegçilik we hasabatlylyk ulgamyny ornaşdyrmagy, synag taslamalary amala aşyrylýan desgalarda zyňyndylara baha bermegi we OGMP 2.0 halkara standartlaryna geçmegi göz öňünde tutýar.
Türkmenistan Merkezi Aziýada Sebitleýin howa tehnologiýalary merkezini döretmek baradaky başlangyjyny öňe sürmegini we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň gurluşyny giňeltmegini dowam etdirýär. Bu ugurda Balkan welaýatynda gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň tamamlanmagy hem-de «akylly» Arkadag şäheriniň gazanan üstünlikleri esasy nusgalyk taslamalar hökmünde çykyş edýär.

Ekologik özgertmeler we hakyky ykdysadyýet pudagynda ýokary standartlaryň ornaşdyrylmagy ýurduň bank ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy bilen berk baglanyşyklydyr. "Rysgal" bank paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Serdar Gurbandurdyýewiň belleýşi ýaly, uglerod zyňyndylaryny azaltmak we durnukly ösüş boýunç wezipeleri durmuşa geçirilmegi finteh pudagynyň yzygiderli ösdürilmegine, dessin tölegler ulgamynyň, emeli aň we biometrik tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna daýanýar. Sanly töleg hyzmatlarynyň we internet-ekwaýringiň integrasiýasy tutuş ykdysadyýet boýunça ýaşyl we innowasion taslamalary çalt giňeltmek üçin zerur tehnologik binýady kemala getirýär.






