Bangkokda suw joşmasy azalýar, emma müňlerçe ýaşaýjy henizem daşarky dünýä bilen aragatnaşyksyz galýar
Bangkokda suw joşmasy azalýar, emma müňlerçe ýaşaýjy henizem daşarky dünýä bilen aragatnaşyksyz galýar. Paýtagtyň peslik ýerlerinde elektrik energiýasy, arassa suw we esasy hyzmatlar bilen bagly bökdençlikler dowam edýär. Käbir etraplara diňe gaýyklar arkaly baryp bolýar.
16–28-nji sentýabr aralygynda güýçli suw joşmalary Tailandyň 42 welaýatyna täsir etdi, takmynan 1,8 million adama zeper ýetirdi we azyndan sekiz adamyň pida bolmagyna sebäp boldy. Häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, tebigy betbagtçylygyň netijeleri henizem 28 welaýatda duýulýar.
Bangkokyň gündogaryndaky Latkrabang etrabynda köçeler henizem suw bilen çuňňur basyrylan ýagdaýynda galýar. Ýollaryň ýapylmagy sebäpli azyk önümlerini, agyz suwuny we derman serişdelerini getirmek üçin gaýyklar esasy ulag serişdesine öwrüldi. Şeýle hem gaýyklar adamlary howpsuz ýerlere göçürmek üçin ulanylýar.
Paýtagtda wagtlaýyn gaçybatalgalar açyldy. Şeýle-de bolsa, ewakuasiýa edilen ýaşaýjylaryň köpüsi öýlerine uly zyýan ýetendigini we emläklerini ýitirendiklerini habar berýärler.
"CCTV+"-niň habar bermegine görä, suw derejesiniň kem-kemden peselýändigine garamazdan, ýollary, elektrik üpjünçiligini we ýaşaýyş etraplaryna elýeterliligi dikeltmek ýaşaýjylaryň adaty durmuşyna dolanmagy üçin esasy wezipe bolmagynda galýar.









