HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

Sentýabr 29, 2026 | 18:00 |267
Kongoda Ebolanyň 8067 tassyklanan ýagdaýy hasaba alyndy. BSSG wirusyň ýaýramak we goňşy ýurtlara geçmek howpunyň ýokarlanýandygyny duýdurýar.Kongoda Ebolanyň 8067 tassyklanan ýagdaýy hasaba alyndy. BSSG wirusyň ýaýramak we goňşy ýurtlara geçmek howpunyň ýokarlanýandygyny duýdurýar.
Çeşme: orient.tm

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebola ýokanjynyň ýaýramagy dowam edýär we ýurduň saglygy goraýyş ulgamy üçin çynlakaý çagyryş bolup galýar. Birnäçe welaýatda kesellileriň sanynyň artmagy we ýokanjyň ýokuşmagynyň dowam etmegi ilat hem-de goňşy sebitler üçin töwekgelçiligi ýokarlandyrýar.

Kongo Demokratik Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna görä, şenbe gününe çenli ýurtda keseliň 8067 sany tassyklanan ýagdaýy hasaba alyndy, olaryň 3901-si aradan çykdy. Onuň derejesi 48,4 göterime deňdir. 2070 näsag bolsa sagaldy.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) anna güni ýaýradan epidemiýa baradaky iň soňky maglumatynda täze ýagdaýlaryň gündelik sanynyň ýokary bolmagynda galýandygy bellenildi. Şol bir wagtyň özünde ýokanjyň ýaýramagynyň depgini keselden zyýan çeken welaýatlaryň we saglygy goraýyş sebitleriniň arasynda ep-esli tapawutlanýar.

Epidemiýanyň esasy ojagy Ituri welaýatynda bolmagynda galýar. Şol bir wagtyň özünde dürli sebitlerde ýagdaý dürli görnüşde ösýär: Ituri welaýatynda awgust aýynyň ortalarynda iň ýokary derejä ýetenden soň keselleme kem-kemden azaldy. Demirgazyk Kiwuda bolsa ep-esli ýokary bolup, ýagdaý sentýabr aýynyň ortalarynda iň ýokary derejä ýetdi. Ýokarky Uele welaýatynda ýokanjyň yzygiderli ýaýramagy dowam edýär, Çopoda bolsa ýokanjyň täzeden işjeňleşendigi bellenilýär.

Umuman, epidemiýa ýedi welaýatdaky 63 saglygy goraýyş sebitine täsir etdi. BSGG ýokanjyň geografiki taýdan mundan beýläk-de ýaýramagynyň, şol sanda Günorta Ubangi we Ýokarky Uele welaýatlarynda täze täsirlenen etraplaryň ýüze çykmagynyň ýokanjyň döwlet serhetlerinden geçip ýaýramak töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygyny duýdurdy.

Maý aýynda epidemiýa yglan edilenden bäri ol Kongo Demokratik Respublikasynyň taryhyndaky iň uly we iň köp pidalar bilen tamamlanan Ebola epidemiýasyna, şeýle hem 2014–2016-njy ýyllarda Günbatar Afrikada bolan epidemiýadan soň dünýäde göwrümi boýunça ikinji uly Ebola epidemiýasyna öwrüldi.

“CCTV+”-niň habar bermegine görä, Kongo Demokratik Respublikasyndaky Ebola epidemiýasy ýokanjyň ýokary derejede ýaýramagy, pida bolýanlaryň derejesiniň ýokary bolmagy we keseliň geografiki taýdan giňelmegi bilen häsiýetlenmegini dowam etdirýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

18:00 Sentýabr 29, 2026
Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

16:00 Sentýabr 29, 2026
Oman Ormuz bogazynda howpsuz gämi gatnawyny üpjün etmek boýunça tagallalary dowam etdirjekdigini tassyklady

Oman Ormuz bogazynda howpsuz gämi gatnawyny üpjün etmek boýunça tagallalary dowam etdirjekdigini tassyklady

14:00 Sentýabr 29, 2026