Oman Ormuz bogazynda howpsuz gämi gatnawyny üpjün etmek boýunça tagallalary dowam etdirjekdigini tassyklady
Ormuz bogazyndan gämi gatnawynyň erkinligi sebit söwdasy we energiýa üpjünçiligi üçin möhüm şerti bolmagynda galýar. Gämileriň hereketindäki dowam edýän bökdençlikleriň şertlerinde Oman gämileriň howpsuz geçişini üpjün etmek üçin diplomatik we amaly tagallalary dowam etdirjekdigini mälim etdi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň umumy çekişmelerinde çykyş eden Omanyň daşary işler ministri Badr bin Hamad Al-Busaidi ýurduň Ormuz bogazyndan gämi gatnawyny üpjün etmek boýunça mundan beýläk-de tagalla etmäge ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle hem ol bu ugurdan peýdalanýan döwletleriň we kompaniýalaryň bähbitleri üçin ähli taraplary Oman bilen hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.
Ministriň aýtmagyna görä, bogazdan gämi gatnawyna goýulýan dowamly çäklendirmeler söwda, energiýa howpsuzlygy we bahalaryň durnuklylygyna ýaramaz täsir edýär. Oman özüniň çemeleşmesiniň halkara hukugynyň ýörelgelerine we BMG-niň Deňiz hukugy baradaky konwensiýasynyň düzgünlerine esaslanýandygyny nygtady.
25-nji awgustda Oman bilen Eýran geçirilen geňeşmeleriň netijesinde Ormuz bogazyndan wagtlaýyn bilelikdäki nawigasiýa geçelgesini döretmek maksadynynyň bardygyny mälim etdiler. Taraplar şeýle hem hemişelik nawigasiýa geçelgesini döretmegiň mümkinçiligi, maglumat alyşmak we gämileriň hereketini dolandyrmak boýunça tehniki gepleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Bilelikdäki beýannamada Oman bilen Eýran sebitiň beýleki döwletleri bilen geňeşmegiň, degişli halkara hukugyny berjaý etmegiň we kenarýaka döwletleriň özygtyýarly hukuklaryna hormat goýmagyň zerurdygyny nygtadylar.
“CCTV+”-niň habar bermegine görä, Oman Ormuz bogazyndan gämileriň howpsuz geçişini üpjün etmek boýunça tagallalary dowam etdirjekdigini tassyklady we gyzyklanma bildirýän taraplary hyzmatdaşlyga çagyrdy.






