HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Sankt-Peterburgda GDA-nyň Migrasiýa edaralarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Sentýabr 26, 2026 | 12:47 |2466
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 24-nji sentýabrda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň migrasiýa edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşdyTürkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 24-nji sentýabrda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň migrasiýa edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşdy
Çeşme: migration.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 24-nji sentýabrda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň migrasiýa edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşdy.

Forumyň işiniň esasy ugry migrasiýa akymlaryna gözegçilik etmek we bikanun migrasiýa garşy göreşmek üçin döwrebap maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boldy. Şol sanda biometrik ulgamlary we “akylly” wideo gözegçilik ulgamlaryny ulanmak, şeýle hem Arkalaşygyň giňişliginde üçünji döwletleriň raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň bitewi hasaba alyş ulgamyny döretmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

turkmenistan-cis-migration-council-meeting-saint-petersburg (2).jpg

Migrasiýa edaralarynyň ýolbaşçylary maglumat alyşmak boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyklary baglaşmak, raýatlary yzyna kabul etmek (readmissiýa) we hünärmenleri taýýarlamak meselelerine garadylar. Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan yzygiderli ynsanperwer syýasat barada maglumat berdi. Şeýle hem ol milli migrasiýa ulgamynyň migrasiýa hadysalaryny düzgünleşdirmek boýunça toplan oňyn amaly tejribesini we abraýly halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygyny beýan etdi. Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Geňeşiň 2027-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasyny ylalaşdylar hem-de konstruktiw hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

00:30 Oktýabr 15, 2026
Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

00:25 Oktýabr 15, 2026
Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

00:15 Oktýabr 15, 2026