Putin: Russiýa Hytaý bilen ABŞ-nyň arasyndaky oňyn ylalaşyklaryny goldaýar
Dünýäniň iki iri ykdysadyýetiniň arasyndaky gepleşikler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäginden has giň ähmiýete eýedir. Russiýa Hytaý bilen ABŞ-nyň arasyndaky gepleşikleriň ösüşine üns bilen gözegçilik edýär, sebäbi gazanylan ylalaşyklar we olaryň işlenip taýýarlanyş görnüşi dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýyna täsir edip biler.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin anna güni Sankt-Peterburgda žurnalistleriň sowallaryna jogap berip, Russiýanyň ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky gepleşikleri goldaýandygyny aýtdy.
Russiýanyň lideriniň sözlerine görä, Hytaý we ABŞ dünýäniň iň iri iki ykdysadyýetidir. Şonuň üçin olaryň gazanýan ylalaşyklary, şeýle hem bu ylalaşyklaryň nähili ýol bilen gazanylýandygy dünýä ykdysadyýetine, şol sanda Russiýa hem täsir eder.
«Biz Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda gazanylan we oňyn ähmiýete eýe bolan islendik ylalaşygy goldaýarys» diýip, Putin aýtdy.
Anna güni Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin ABŞ-a bolan döwlet saparyny tamamlady. Saparyň başy çarşenbe gününe gabat geldi we bu Hytaýyň lideriniň soňky 11 ýylyň dowamynda ABŞ-a ilkinji döwlet sapary boldy.
CCTV+ habar berşi ýaly, Wladimir Putin Russiýanyň Hytaý bilen ABŞ-nyň arasyndaky oňyn ylalaşyklary goldaýandygyny we olaryň dünýä ykdysadyýetine ýetirip biljek täsirini belleýändigini aýtdy.







