HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tramp Ak Tamda Si Szinpiniň hormatyna dabaraly kabul edişlik gurady we parahatçylykly geljege umyt bildirdi

Sentýabr 26, 2026 | 12:59 |1568
Çeşme: orient.tm

Ak Tamda geçirilen dabaraly kabul edişlik Si Szinpiniň ABŞ-a döwlet saparynyň diplomatik maksatnamasynyň dowamydy. Donald Tramp öz çykyşynda iki ýurduň arasyndaky uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän gatnaşyklara ünsi çekip, sazlaşykly, parahatçylykly we gülläp ösüşe esaslanýan geljege umyt bildirdi.

Penşenbe güni ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak Tamda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň hormatyna dabaraly kabul edilşik gurady. Ol iki ýurduň arasyndaky köp ýyllardan bäri dowam edip gelýän gatnaşyklaryň şanyna gutlag sözi aýdyp, iki ýurduň halklaryna sazlaşykdan, parahatçylykdan we gülläp ösüşden doly geljek arzuw etdi.

Trampyň çakylygy boýunça Si Szinpin çarşenbe gününden anna gününe çenli ABŞ-da döwlet saparynda bolýar. Bu sapar Trampyň birnäçe aý mundan ozal, maý aýynda, Hytaýa amala aşyran döwlet saparyndan gysga wagtdan soň geçirildi.

Tramp öz çykyşynda Si Szinpine, onuň aýaly Pen Liýuana we Hytaýyň wekiliýetiniň agzalaryna ýüzlenip, özüniň we ABŞ-nyň birinji hanymy Melaniýa Trampyň olary Ak Tamda ýene-de garşy almaga şatdyklaryny aýtdy. Şeýle hem Tramp şu ýylyň başynda Pekine amala aşyran sapary wagtynda Hytaý halkynyň görkezen myhmansöýerligini belledi.

«Men Prezident Si Szinpiniň, hanym Pen Liýuanyň we müňlerçe kilometr aralygy geçip, ýüzlerçe ýyllap dowam eden Hytaý bilen Amerikanyň arasyndaky uzak gatnaşyklarymyzyň şanyna gitlag sözüni aýtmak isleýärin. Goý, halklarymyz sazlaşykdan, parahatçylykdan we üstünlikden doly geljege eýe bolsun» diýip, Tramp aýtdy.

Çärä ABŞ-nyň işewürlik we tehnologiýa pudaklarynyň belli wekilleri, şol sanda Tesla kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask, Amazon kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos we NVIDIA kompaniýasynyň baş direktory Jensen Huang hem gatnaşdylar.

CCTV+ habar berşi ýaly, dabaraly kabul edilşik Si Szinpiniň ABŞ-a döwlet saparynyň çäklerinde Ak Tamda geçirildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026