Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Permana gol çekdi
Sentýabr 24, 2026 | 18:20 |2528


Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna ýurduň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk ýubleýini dabaraly belläp geçmek we oňat dynç almak üçin oňaýly şertler dörediler. Degişli Permana Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.
Resminamada Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda, 28-nji sentýabr (duşenbe güni) iş güni däl diýlip yglan edildi.
27-nji sentýabryndaky dynç gününi 29-njy sentýabra — sişenbe gününe geçirilýär.
Şeýlelikde, bäş günlük iş hepdesinde işleýän Türkmenistanyň raýatlary 26-njy sentýabrdan 29-njy sentýabry goşmak bilen, yzly-yzyna dört gün dynç alarlar. Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýurduň ähli edaralary, kärhanalary we guramalary üpjün etmelidir.





