HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

Sentýabr 19, 2026 | 06:32 |6453
Intellektual eýeçiligiň milli ulgamyny pugtalandyrmak we ony ählumumy hukuk mehanizmlerine birleşdirmek meselesi Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň hasabatynyň esasy mazmunyny düzdiIntellektual eýeçiligiň milli ulgamyny pugtalandyrmak we ony ählumumy hukuk mehanizmlerine birleşdirmek meselesi Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň hasabatynyň esasy mazmunyny düzdi
Çeşme: orient.tm

Intellektual eýeçiligiň milli ulgamyny pugtalandyrmak we ony ählumumy hukuk mehanizmlerine birleşdirmek meselesi Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň hasabatynyň esasy mazmunyny düzdi. Öňe sürlen başlangyçlar Türkmenistanda innowasiýalar, oýlap tapyşlar we awtorlyk hukuklarynyň goralmagy üçin häzirki zaman hukuk gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Ýurtda 2026-njy ýylyň martynda 2052-nji ýyla çenli intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy kabul edildi.

Hyzmatdaşlygyň amaly ugry Türkmenistanyň 1995-nji ýyldan bäri agzasy bolup durýan Ýewraziýa patent guramasy (ÝPG) bilen hyzmatdaşlygy öz içine alýar. Aşgabatda döwlet edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, alymlaryň, işewürleriň we ÝPG-niň bilermenleriniň gatnaşmagynda «Innowasion ösüş we oýlap tapyjylar üçin goldaw — sebitleýin we global mümkinçilikler» atly sebitleýin seminarini geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň 2026-njy ýylyň 21–23-nji oktýabrynda Duşanbede geçiriljek ÝPG-niň Dolandyryjy geňeşiniň 48-nji mejlisine we halkara foruma gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Ädiljek möhüm ädimleriň biri Türkmenistanyň «Ýewraziýa maksatnamasy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama» goşulmagy bolar. Bu patent arzalaryna ekspertiza geçirmegiň işlerini kämilleşdirmäge, barlaglaryň gaýtalanmagynyň öňüni almaga we patent arzalaryna garamagyň möhletlerini gysgaltmaga mümkinçilik berer.

Şol bir wagtyň özünde, ýurt Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (BIEG) çäklerinde täze standartlary berkitmegi göz öňünde tutýar. Şu maksat bilen Haryt nyşanlary boýunça kanunlar hakynda Singapur Şertnamasyna (2006) goşulmak meýilleşdirilýär. Bu milli we halkara derejelerde haryt nyşanlaryny bellige almagyň düzgünlerini birmeňzeşleşdirmäge we ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, Aşgabat BIEG-niň «Innowasion mümkinçilikler boýunça ugrukdyryjy» atly guralyndan peýdalanmagy meýilleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 16–20-nji noýabrynda Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň Ösüş we intellektual eýeçilik boýunça komitetiniň 37-nji mejlisine gatnaşmak üçin Ženewa şäherinde saparda bolar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hödürlenen çäreleriň toplumyny makullap, intellektual eýeçiligi goramagyň innowasiýalary höweslendirmegiň esasy şertleriniň biridigini nygtady hem-de göz öňünde tutulan ädimleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegini üpjün etmegi DIM-niň ýolbaşçysyna tabşyrdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026