HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen sazandalary Sinandalide geçirilýän festiwalda Pan-Kawkaz orkestriniň düzüminde çykyş edýärler

Sentýabr 13, 2026 | 12:57 |2538
Türkmenistanyň bäş wekili 3–13-nji sentýabr aralygynda Gruziýanyň Sinandali şäherinde geçirilýän VIII Halkara nusgawy saz festiwalynda çykyş edýärTürkmenistanyň bäş wekili 3–13-nji sentýabr aralygynda Gruziýanyň Sinandali şäherinde geçirilýän VIII Halkara nusgawy saz festiwalynda çykyş edýär
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy

Türkmenistanyň bäş wekili 3–13-nji sentýabr aralygynda Gruziýanyň Sinandali şäherinde geçirilýän VIII Halkara nusgawy saz festiwalynda çykyş edýär.

Biziň sazandalarymyz Gruziýadan, Türkmenistandan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Gazagystandan, Moldowadan, Ukrainadan we Özbegistandan 18–28 ýaş aralygyndaky sazandalary birleşdirýän halkara Pan-Kawkaz ýaşlar orkestriniň düzümine girdiler.

turkmen-musicians-tsinandali-festival-georgia-pan-caucasian-orchestra (1).jpg

Türkmen ýerine ýetirijilik mekdebiniň aýratyn üstünligi hökmünde Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgüniň artisti Selbinýaz Mülkamanowanyň tutuş simfoniki toparyň konsertmeýsteri wezipesine bellenilmegini görkezmek bolar.

turkmen-musicians-tsinandali-festival-georgia-pan-caucasian-orchestra (2).jpg

Ýaş ýerine ýetirijiler festiwalyň saz direktory, maestro Janandrea Nozedanyň ýolbaşçylygynda işleýärler. Şeýle hem olar dünýäniň öňdebaryjy filarmoniýa sahnalarynyň meşhur solistleri bilen geçirilýän ussatlyk sapaklarynyň we taýýarlyklarynyň giňişleýin maksatnamasyna gatnaşýarlar.

turkmen-musicians-tsinandali-festival-georgia-pan-caucasian-orchestra (4).jpg

Saz forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow türkmen artistleri we guramaçylyk komitetiniň wekilleri bilen duşuşdy. Ol festiwalyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda netijeli medeni köpri hökmünde eýeleýän möhüm ornuny nygtady.

turkmen-musicians-tsinandali-festival-georgia-pan-caucasian-orchestra (7).jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026