Gonkongda bedewlere bagyşlanan türkmen-hytaý sungat sergisi açyldy


Gonkongyň Szin çeperçilik muzeýinde «Müňýyllygyň behişdi bedewleri – hytaý-türkmen medeniýeti we atçylyk sungaty» atly halkara göçme serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Giň gerimli medeni taslamanyň guramaçylary hökmünde «China Arts and Entertainment Group Ltd.» kompaniýasy we Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy çykyş etdiler. Taslama Hytaý-Türkmen medeni merkeziniň gatnaşmagynda we Gonkongyň öňdebaryjy ynsanperwer guramalarynyň goldawy bilen durmuşa geçirilýär.
«Häzirki zaman nukdaýnazaryndan Beýik Ýüpek ýolunyň atçylyk medeniýeti» düşünjesiniň esasynda guralan sergide iki ýurtdan 21 awtoryň 37 eseri görkezilýär. Sergide häzirki zaman hytaý sungatynyň 27 ajaýyp eseri, şeýle hem Türkmenistanyň meşhur ussatlarynyň 10 sany özboluşly eseri ýerleşdirildi. Olaryň arasynda Baýram Mämiýewiň, Jumamyrat Gurbanowyň we Ahmet Hojaýewiň eserleri hem bar. Eserler iki tematiki bölüme bölünip, olar Beýik Ýüpek ýolunyň iki ujundaky şekillendiriş sungatynyň däpleriniň hem stil aýratynlyklaryny, hem-de ruhy taýdan umumylygyny açyp görkezýär.

Açylyş dabarasynda guramaçylaryň we diplomatik jemgyýetçiligiň wekilleri bu wakanyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Gündogar senenamasy boýunça 2026-njy ýylyň Hytaýda At ýylyna, Türkmenistanda bolsa «Bedew ýylyna» gabat gelmegi sergä aýratyn many berýär. «China Arts and Entertainment Group» kompaniýasynyň wekili Wan Lu Gonkongyň bu taslamanyň sebitara ýolunyň Sinszýan çeperçilik muzeýinden soňky ikinji nokadyna öwrülendigini belledi. 17-nji sentýabra çenli dowam etjek sergi Gonkongdan soň Aşgabat şäherine ugradylar.
Ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň çäklerinde guramaçylar türkmen çapyksuwarlarynyň Gonkonga saparlaryny hem meýilleşdirýärler. Saparyň dowamynda bilelikdäki medeni we tomaşa çäreleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.










