HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýe BMG-niň COP31 howa sammitini kabul eder: iň iri halkara forumy Antalýada geçiriler

Sentýabr 17, 2026 | 21:40 |6606
9–20-nji noýabr aralygynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 31-nji maslahaty (COP31) geçiriler9–20-nji noýabr aralygynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 31-nji maslahaty (COP31) geçiriler
Çeşme: eventmultiverse.com

9–20-nji noýabr aralygynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 31-nji maslahaty (COP31) geçiriler. Bu çäre Türkiýäniň taryhyndaky iň iri halkara çäre bolar.

COP maslahaty — dünýäniň daşky gurşawy goramak boýunça bilelikdäki çäreler barada ylalaşýan dünýä liderleriniň, ministrleriň, alymlaryň we işewürleriň gatnaşmagyndaky her ýyl geçirilýän esasy halkara platformasydyr. 2026-njy ýylyň sammiti dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet edaralarynyň wekillerini, maýadarlary, akademiki toparlary we jemgyýetçilik guramalaryny bir ýere jemlär.

Sammitiň dowamynda «Ýaşyl zolagy» (Green Zone) aýratyn üns merkezinde bolar. Bu kompaniýalar, startaplar we döwlet edaralary üçin niýetlenen ýörite meýdançadyr. Bu ýerde gatnaşyjylar öz ekotehnologiýalary bilen tanyşdyryp, maýadarlary tapyp, halkara bilermenleri bilen aragatnaşyk gurup we täze hyzmatdaşlyk şertnamalaryny baglaşyp bilerler.

Gatnaşmak we «Ýaşyl zolagyň» işi bilen bagly meseleler boýunça guramaçylar bilen greenzone@cop31.tr elektron poçtasy arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Çäre barada giňişleýin maglumat resmi web sahypasynda elýeterlidir: https://cop31.tr/tr.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026