Belarusda täze ýokary hasylly «Karta» bugdaý sorty döredildi


BELTA-nyň habar bermegine görä, Belarus Respublikasynyň Ekerançylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlary «Karta» atly ýazlyk ýumşak bugdaýyň täze sortuny çykardylar.
Bu sort molekulýar-genetik usullaryň kömegi bilen döredildi, ol bir ösümlikde ýokary hasyllylygy we dänäniň ajaýyp hilini utgaşdyrmaga mümkinçilik berdi.
«Kartanyň» hasyllylygy bir gektardan 86 sentnere ýetýär. Däne ýokary aýna görnüşliligi (88%) bilen tapawutlanýar, bu bolsa ýokary sortly un almagy kepillendirýär. Belok (14,7%) we kleykowina (31,8%) möçberiniň ýokary bolmagy sebäpli, hamyr çeýe bolup çykýar, hamyr önümleri we aş önümleri bolsa bişirilende öz formasyny saklap dargamaýar. Bu bolsa täze sorty konditer we makaron senagaty üçin iň oňat çig mal edýär.
Ýokary azyk häsiýetlerinden başga-da, «Karta» howanyň üýtgemelerine durnukly bolup, güýçli ýelden ýa-da ýagyşdan ýere ýatmaýar. Berk baldaklar hasyly çüýremelerden goraýar we ýitgisiz ýygnap almaga ýardam edýär.
ORIENT







