HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hindistan Nýu-Delide geçirilýän BRICS sammitinde Ählumumy Günortanyň gün tertibini öňe sürýär

Sentýabr 12, 2026 | 21:30 |3786
Çeşme: orient.tm

Ählumumy Günorta indi synçy bolmak islemeýär. Ol düzgünleri kesgitlemäge gatnaşmaga çalyşýar we BRICS ösýän ýurtlaryň sesleriniň doly güýji bilen eşidilýän meýdança öwrülýär. Durnuklylygy berkitmek, innowasiýalar we hyzmatdaşlyk diňe şygarlar däl, eýsem dünýä ykdysadyýetiniň we syýasatynyň gurluşyny üýtgedip biljek gurallardyr.

Hindistanyň şenbe we ýekşenbe günleri Nýu-Delide geçiriljek BRICS-iň 18-nji sammitinde Ählumumy Günorta ýurtlarynyň gün tertibini öňe sürmegine garaşylýar diýip, hindi teleýaýlymy “NewsX World”-iň uly ýerine ýetiriji redaktory Hytaýyň “China Global Television Network” (CGTN) teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy. “NewsX World”-iň uly ýerine ýetiriji redaktory Megha Şarma Hindistanyň şu ýyl BRICS-e başlyklyk etmeginiň çäginde ykdysady durnuklylygy berkitmegiň ýurduň ileri tutýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Öňümizdäki BRICS sammitiniň temasy —«Durnuklylygy berkitmek, innowasiýalar, hyzmatdaşlyk we durnukly ösüş». «Durnuklylygy we innowasiýalary berkitmek, hyzmatdaşlyk we durnukly ösüş — Ählumumy Günorta ýurtlarynyň gün tertibini öňe sürmek üçin ýene bir ädimdir.

Innowasiýalar barada aýdylanda, biz sanly jemgyýetçilik infrastrukturasyny göz öňünde tutýarys. Bu Hindistanyň yzygiderli öňe sürýän ugrudyr» diýip, Şarma aýtdy. Ol sammitiň üstünlikli netijeleriniň terrorçylyga garşy göreşde hyzmatdaşlygyň ilerlemegini we sanly infrastruktura gurluşygynyň ösdürilmegini öz içine alyp biljekdigini hem sözüniň üstüne goşdy. «Terrorçylyga garşy göreşde hyzmatdaşlyk.

Köp sanly terrorçylykly hereketler boldy. Sanly infrastruktura, sanly jemgyýetçilik infrastrukturasyny döretmek zerurdyr. Muňa Hindistanyň öňe sürýän we subkontinentde, Günorta-Gündogar Aziýada hem-de Afrikanyň ýurtlarynda üstünlikli ornaşdyrýan UPI (Ýeke-täk töleg interfeýsi) ýaly ulgamlar hem degişlidir» diýip, Şarma aýtdy.

20 ýyl mundan ozal döredilen pursadyndan bäri BRICS-iň hyzmatdaşlyk mehanizmi dünýäniň esasy ösýän bazarlaryna we ösýän ykdysadyýetlerine wekilçilik edýän 11 sany doly hukukly agza döwletden we 10 hyzmatdaş ýurtdan ybarat topara öwrüldi.

“CCTV+” habar berşi ýaly, Nýu-Delide geçiriljek öňümizdäki sammit Ählumumy Günortanyň öňünde durýan esasy meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüler. Başlyk hökmünde Hindistan sanly infrastruktura, terrorçylyga garşy göreş we durnukly ösüş ugurlaryna tagallalary jemlemegi maksat edinýär. Munuň bolsa köpmilletli dünýäniň hereketlendiriji güýji hökmünde BRICS-iň ornuny berkitmegine garaşylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026