Türkmen sazandalary Sinandalide geçirilýän festiwalda Pan-Kawkaz orkestriniň düzüminde çykyş edýärler


Türkmenistanyň bäş wekili 3–13-nji sentýabr aralygynda Gruziýanyň Sinandali şäherinde geçirilýän VIII Halkara nusgawy saz festiwalynda çykyş edýär.
Biziň sazandalarymyz Gruziýadan, Türkmenistandan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Gazagystandan, Moldowadan, Ukrainadan we Özbegistandan 18–28 ýaş aralygyndaky sazandalary birleşdirýän halkara Pan-Kawkaz ýaşlar orkestriniň düzümine girdiler.

Türkmen ýerine ýetirijilik mekdebiniň aýratyn üstünligi hökmünde Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgüniň artisti Selbinýaz Mülkamanowanyň tutuş simfoniki toparyň konsertmeýsteri wezipesine bellenilmegini görkezmek bolar.

Ýaş ýerine ýetirijiler festiwalyň saz direktory, maestro Janandrea Nozedanyň ýolbaşçylygynda işleýärler. Şeýle hem olar dünýäniň öňdebaryjy filarmoniýa sahnalarynyň meşhur solistleri bilen geçirilýän ussatlyk sapaklarynyň we taýýarlyklarynyň giňişleýin maksatnamasyna gatnaşýarlar.

Saz forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow türkmen artistleri we guramaçylyk komitetiniň wekilleri bilen duşuşdy. Ol festiwalyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda netijeli medeni köpri hökmünde eýeleýän möhüm ornuny nygtady.










