HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrar

Sentýabr 12, 2026 | 17:45 |4336
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrar hem-de onuň çäklerinde Seulda 16-njy sentýabrda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşarTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrar hem-de onuň çäklerinde Seulda 16-njy sentýabrda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşar
Çeşme: kbs.co.kr

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrar hem-de onuň çäklerinde Seulda 16-njy sentýabrda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşar.

Öňde boljak saparyň çäklerinde geçiriljek çäreleriň taýýarlygy barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 11-nji sentýabrda, anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.

Häzirki wagta çenli iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny berkiden döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň 118-si baglaşyldy. Türkmenistanda koreý maýasynyň gatnaşmagynda 17 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy. Olaryň hatarynda “Galkynyş” gaz käninde kükürt arassalaýan toplumy, Gyýanly şäherçesindäki polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy ýaly iri desgalar bar.

Saparyň dowamynda ykdysadyýet, maýa goýumlar, ulag, logistika, himiýa senagaty, infrastruktura gurluşygy, ekologiýa we suw serişdeleri ýaly ugurlarda hökümetara we pudagara ylalaşyklaryň giň toplumyna gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

south-korea-summit.jpg

Tema boýunça:

«Yonhap News»-niň reportažy Türkmenistanyň we Koreýanyň senagat dialogynyň täze ugurlaryny açýar

Bilermen: Koreýa – Merkezi Aziýa sammiti serhetüsti ykdysadyýete geçişe badalga bermelidir

Merkezi Aziýa ýurtlary elektron hökümet ulgamynda Günorta Koreýanyň tejribesini öwrenýärler

Koreýa we Merkezi Aziýa ýurtlary senagat ministrleriniň hemişelik duşuşyk formatyny işe girizýär

Merkezi Aziýa we Günorta Koreýa ýokary tehnologiýaly suw hyzmatdaşlygyny ýola goýýar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

21:00 Oktýabr 31, 2026
Pekinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çykyşlarynyň ýygyndysy tanyşdyryldy

Pekinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çykyşlarynyň ýygyndysy tanyşdyryldy

20:00 Oktýabr 31, 2026
Germaniýanyň Prezidenti Hytaýy häzirki dünýäde möhüm ähmiýete eýe ýurt diýip atlandyrdy

Germaniýanyň Prezidenti Hytaýy häzirki dünýäde möhüm ähmiýete eýe ýurt diýip atlandyrdy

18:00 Oktýabr 31, 2026