HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň teatrlary Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna täze sahna oýunlaryny hödürlärler

Sentýabr 12, 2026 | 00:20 |3849
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäginde 11–13-nji sentýabr aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynyň sahnalarynda täze oýun görkezilişleri bolarTürkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäginde 11–13-nji sentýabr aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynyň sahnalarynda täze oýun görkezilişleri bolar
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäginde 11–13-nji sentýabr aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynyň sahnalarynda täze oýun görkezilişleri bolar.

Baýramçylyk maksatnamasyna paýtagtymyzyň teatrlarynyň, şeýle hem Arkadag şäheriniň we welaýatlaryň teatrlarynyň sahna eserleri girdi. Ähli oýunlar sagat 19:00-da başlar.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda tomaşaçylara sagat 20:40-a çenli dowam etjek «Howandar» sahna oýny görkeziler.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda «Jennet mukamy» (19:00–20:40), Alp Arslan adyndaky Türkmenistanyň Milli drama театрynda bolsa «Halk hakydasy» (19:00–20:30) sahna oýunlarynyň görkezilişi bolar.

A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry 1 sagat 25 minut dowam edýän — sagat 19:00-dan 20:25-e çenli «Eşit, meni!» oýnuny hödürlär.

Ýaş tomaşaçylar Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Dostluk sazy» sahna oýnuna baryp bilerler. Görkeziliş sagat 19:00-dan 20:00-a çenli dowam eder.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry «Bedew sarpasy» sahna oýnuny görkezer (19:00–20:30).

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Agzybirlik rowaýaty» oýny görkeziler (19:00–20:25).

Welaýat teatrlary hem täze sahna oýunlaryny taýýarladylar. Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry «Mukaddesdir bu Watan» (19:00–20:20), Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry «Döwletli döwran geldi» (19:00–20:10) sahna oýunlaryny görkezerler.

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Oguz ýigidi» (19:00–20:15), Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda bolsa «Türkmen soltany» sahna oýny (19:00–20:10) görkeziler.

Bu maksatnama boýunça täze sahna oýunlar 11-nji, 12-nji we 13-nji sentýabrda bolar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hindistan Nýu-Delide geçirilýän BRICS sammitinde Ählumumy Günortanyň gün tertibini öňe sürýär

Hindistan Nýu-Delide geçirilýän BRICS sammitinde Ählumumy Günortanyň gün tertibini öňe sürýär

21:30 Sentýabr 12, 2026
Halkara energetika agentligi ABŞ bilen Eýranyň gepleşiklerinde dörän ýaramaz ýagdaýa baglylykda 2026-njy ýylda dünýäniň nebit islegine bolan çaklamasyny peseltdi

Halkara energetika agentligi ABŞ bilen Eýranyň gepleşiklerinde dörän ýaramaz ýagdaýa baglylykda 2026-njy ýylda dünýäniň nebit islegine bolan çaklamasyny peseltdi

20:30 Sentýabr 12, 2026
Durban porty BRICS-iň goldawy bilen döwrebaplaşdyrylýar

Durban porty BRICS-iň goldawy bilen döwrebaplaşdyrylýar

18:00 Sentýabr 12, 2026