HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanda ilkinji gezek Merkezi Aziýanyň Halkara talyp sportunyň forumy geçiriler

Sentýabr 12, 2026 | 22:13 |946
29-njy sentýabr - 2-nji oktýabr aralygynda Özbegistanda Merkezi Aziýanyň I Halkara talyp sportunyň forumy geçiriler29-njy sentýabr - 2-nji oktýabr aralygynda Özbegistanda Merkezi Aziýanyň I Halkara talyp sportunyň forumy geçiriler
Çeşme: yuz.uz

29-njy sentýabr - 2-nji oktýabr aralygynda Özbegistanda Merkezi Aziýanyň I Halkara talyp sportunyň forumy geçiriler. Yuz.uz neşiriniň habar bermegine görä, giň gerimli çäre Halkara Uniwersitet sport federasiýasynyň (FISU) prezidenti Leons Ederiň saparyna bagyşlanandyr.

Forumyň esasy maksady sebitde talyplar sportuny ösdürmek üçin bitewi platformany döretmekden ybaratdyr. Çärä FISU-nyň ýolbaşçylary, şeýle hem Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Täjigistandan we Türkmenistandan wekiliýetler gatnaşarlar. Sport federasiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilleri mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň geljegini hem-de tejribe alyşmagy ara alyp maslahatlaşarlar.

Saparyň dowamynda FISU-nyň ýolbaşçysy uniwersitet sportuny ösdürmegiň özbek nusgasyny, onuň guramaçylyk mehanizmlerini we gazanylan netijelerini öwrener. Mundan başga-da, Leons Eder «Bäş başlangyç» talyplar olimpiadasynyň çägindäki ýaryşlaryň açylyş dabarasyna gatnaşar.

Forumyň geçirilmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara talyp sport hereketindäki barha artýan ornuny görkezip, sebitdäki ýaş türgenler üçin täze mümkinçilikleri açýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

21:00 Oktýabr 31, 2026
Pekinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çykyşlarynyň ýygyndysy tanyşdyryldy

Pekinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çykyşlarynyň ýygyndysy tanyşdyryldy

20:00 Oktýabr 31, 2026
Germaniýanyň Prezidenti Hytaýy häzirki dünýäde möhüm ähmiýete eýe ýurt diýip atlandyrdy

Germaniýanyň Prezidenti Hytaýy häzirki dünýäde möhüm ähmiýete eýe ýurt diýip atlandyrdy

18:00 Oktýabr 31, 2026