HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ankarada goranyş ulgamynda senagat hyzmatdaşlygy günleri — IDA Turkey 2026 geçiriler

Sentýabr 11, 2026 | 00:09 |3923
14–16-njy oktýabr aralygynda Ankaranyň Kongres merkezinde goranyş we aerokosmos pudaklarynda senagat hyzmatdaşlygy günleri bolan halkara sergi-forumy — IDA Turkey geçiriler14–16-njy oktýabr aralygynda Ankaranyň Kongres merkezinde goranyş we aerokosmos pudaklarynda senagat hyzmatdaşlygy günleri bolan halkara sergi-forumy — IDA Turkey geçiriler
Çeşme: linkedin.com

14–16-njy oktýabr aralygynda Ankaranyň Kongres merkezinde goranyş we aerokosmos pudaklarynda senagat hyzmatdaşlygy günleri bolan halkara sergi-forumy — IDA Turkey geçiriler. Çäre howpsuzlyk ulgamynda tehnologiýalary alyşmak we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek üçin esasy halkara meýdança bolar.

Sergi öňdebaryjy türk we daşary ýurt öndürijilerini, innowasion çözgütleri taýýarlaýjylary, bilermenleri hem-de döwlet edaralarynyň wekillerini bir ýere jemlär. Gatnaşyjylar ýerüsti, deňiz, howa we kosmos maksatly goranyş ulgamlaryndan başlap, kiberhowpsuzlyk tehnologiýalaryna, raýat-harby awiasiýa infrastrukturasyna we akylly logistikadaky önümleriň giň hataryny hödürlärler.

Türkiýäniň strategiki geografiki ýerleşişi arkaly IDA Turkey kompaniýalara täze bazarlara çykmak, tehnologiýalary geçirmek we uly şertnamalary baglaşmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.

Gatnaşmak şertleri, maksatnamasy we bellige alnyş baradaky giňişleýin maglumat çäräniň resmi web sahypasynda elýeterlidir: https://idaturkiye.com/.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026