HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi zähmet bazaryny çaklamak we hünärmenleri taýýarlamak boýunça taslamany durmuşa geçirmäge başlady

Sentýabr 12, 2026 | 02:46 |5033
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde «Adam maýasyny strategik meýilleşdirmegiň milli ulgamy» atly synag taslamasyny durmuşa geçirmäge başladyBirleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde «Adam maýasyny strategik meýilleşdirmegiň milli ulgamy» atly synag taslamasyny durmuşa geçirmäge başlady
Çeşme: BMG-niň Ösüş Maksatnamasy

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde «Adam maýasyny strategik meýilleşdirmegiň milli ulgamy» atly synag taslamasyny durmuşa geçirmäge başlady. Başlangyjyň esasy maksady milli ykdysadyýetiň anyk hünärmenlere bolan zerurlygyny öňünden kesgitlemäge we bilim maksatnamalaryny şol zerurlyklara uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik berýän, takyk maglumatlara esaslanýan çeýe mehanizmi döretmekden ybaratdyr.

undp-turkmenistan-launched-human-capital-strategic-planning-project (3).JPG

Taslama demografik meýilleri, zähmet bazarynyň talaplaryny we hünär bilim ulgamyny özara baglanyşdyrmaga gönükdirilendir. Hünärmenleriň ýetmezçiligine ýüze çykandan soň jogap bermegiň deregine, döwlet öňdengörüjilik (forsaýt) usullaryny — orta we uzak möhletleýin geljekde haýsy başarnyklaryň we hünärleriň esasy ähmiýete eýe boljakdygyny seljerip çaklamagy ulanyp biler. Bu hünärmenleri taýýarlamak boýunça döwlet sargydyny has netijeli meýilleşdirmäge, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerine we orta hünär okuw mekdeplerine kabul ediş orunlary has takyk paýlamaga mümkinçilik berer.

undp-turkmenistan-launched-human-capital-strategic-planning-project (1).jpg

Halkara bilermenleriniň ýurdumyzyň esasy ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary bilen geçirjek maslahatlary bitewi pudagara ulgamyň kemala getirilmegi üçin esas bolup hyzmat eder. Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň belleýşi ýaly, taslamanyň esasy gymmaty ýurdumyzyň ykdysadyýetine zerur hünärmenleri öňünden taýýarlamaga mümkinçilik berýän durnukly guralyň döredilmeginden ybaratdyr.

undp-turkmenistan-launched-human-capital-strategic-planning-project (2).JPG

BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan hem ýurdumyzyň barha artýan ýaş ilatynyň ägirt uly demografik mümkinçilikleri döredýändigini, bu mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmeginiň bolsa bilimiň hiline, innowasiýalara we mynasyp zähmet bilen meşgullanmaga şertleriň döredilmegine gönüden-göni baglydygyny belledi.

undp-turkmenistan-launched-human-capital-strategic-planning-project (4).JPG

Täze başlangyç Türkmenistanyň ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin strategiýasyna esaslanýar hem-de sanly özgertmeler we milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak babatda möhüm ädim bolar.

undp-turkmenistan-launched-human-capital-strategic-planning-project (6).JPG

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026