HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Sentýabr 07, 2026 | 17:14 |715
6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçi M.Seýitmämmedow Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary Ýasser bin Abdullah Al Jamal bilen duşuşyk geçirdi6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçi M.Seýitmämmedow Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary Ýasser bin Abdullah Al Jamal bilen duşuşyk geçirdi
Çeşme: Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasy

6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçi M.Seýitmämmedow Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary Ýasser bin Abdullah Al Jamal bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda Ilçi 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi we Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda ýokary derejede guralýan çäreler hem-de döwletimiziň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň ugurlaryny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlşygy diňe bir milli bähbitleri goramak bilen çäklenmän, eýsem bütin dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we ynsanperwerligiň dabaralanmagyna gönükdirilen uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlyk diýip aýratyn belläp geçdi.

Mundan başgada Ilçi ýurdumyzda ýaşlar syýasaty hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berilýändigini, we ýaşlar babatynda bilelikdäki anyk çäreleriň durmuşa geçirilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge täsir etjekdigini belledi.

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisiniň Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary Ýasser bin Abdullah Al Jamal bilen duşuşygy

Şeýle hem ol ýurdumyzda sport ulgamynda, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak we halkara arenada üstünlik gazanmak üçin köp sanly taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi nygtady. Hususanda Aşgabatda we ähli welaýatlarda döwrebap we iň ýokary talaplara gabat gelýän desgalaryň gurulyp, ýurdumyzda ýylyň dowamynda halkara sport çäreleri geçirmäge ähli şertleriň bardygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen gelejekde bilelikdäki sport çäreleri, türgenleşikleri geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň we Kataryň sport federasiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri bellenildi.

Taraplar sport ulgamynda we ýaşlar babatynda bar bolan ylalaşyklara esaslanyp, gelejekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk ugurlaryny ara alnyp maslahatlaşdylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026