Google Pics: täze AI grafiki redaktory Canva we Adobe bilen bäsleşer


Google kompaniýasy emeli aňyň esasynda işleýän Google Pics täze grafiki redaktory işe girizdi. Bu hyzmat gündelik wizual mazmuny: plakatlary, illýustrasiýalary we sosial ulgamlar üçin postlary ýönekeý hem çalt döretmek üçin niýetlenendir.
Bu gural çylşyrymly professional programmalary ulanmazdan ýokary hilli dizaýna yzygiderli zerurlyk duýýan ulanyjylaryň işini ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir. Adaty grafiki redaktorlardan tapawutlylykda, Google Pics-de iş prosesi boş sahypadan başlanmaýar. Ulanyja diňe tekst görnüşindäki haýyşy girizmek ýa-da taýýar asyl suraty ýüklemek ýeterlik. Google-yň Nano Banana neýrotor modeli esasynda hyzmat gerekli grafiki mazmuny awtomatiki döredýär we saýlamak üçin birnäçe taýýar görnüşi hödürleýär.
Hyzmatyň esasy mümkinçilikleri:
• Obýektleri redaktirlemek: suratdaky elementleri akylly usulda saýlamak we olary dessine üýtgetmek.
• Tekst bilen işlemek: şekilleriň içindäki ýazgylary redaktirlemek we olary gönüden-göni suratlaryň içinde 29 dile awtomatiki terjime etmek.
• Bilelikde işlemek: kärdeşler bilen taslamalary hakyky wagt tertibinde bilelikde döretmek we redaktirlemek mümkinçiligi.
Häzirki wagtda bu hyzmat Docs tekst resminamalaryna we Slides prezentasiýalaryna integrirlenendir. Ýakyn wagtda Google Drive-da hem elýeterli bolar.
Häzirki wagtda Google Pics Google AI Pro we Ultra premium nyrhnamalaryna ýazylan ulanyjylar, bilim edaralary (Google AI Pro for Education), şeýle hem Google Workspace toplumynyň korporatiw ulanyjylary üçin elýeterlidir. Google-yň täze guraly ýokary hilli illýustrasiýalary çalt döretmek üçin elýeterli çözgüdi hödürleýär.
ORIENT








