HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi

Sentýabr 07, 2026 | 22:13 |5178
Ahalteke bedewleriniň tohumynyň aýratynlygynyň ylmy taýdan esaslandyrylmagy, onuň tohum arassalygyny gorap saklamak meseleleri hem-de seýisçilik işiniň häzirki zaman usulyýeti Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatyň esasy temalary boldy. Bu maslahat Atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde geçirildiAhalteke bedewleriniň tohumynyň aýratynlygynyň ylmy taýdan esaslandyrylmagy, onuň tohum arassalygyny gorap saklamak meseleleri hem-de seýisçilik işiniň häzirki zaman usulyýeti Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatyň esasy temalary boldy. Bu maslahat Atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde geçirildi
Çeşme: turkmentv.gov.tm

Ahalteke bedewleriniň tohumynyň aýratynlygynyň ylmy taýdan esaslandyrylmagy, onuň tohum arassalygyny gorap saklamak meseleleri hem-de seýisçilik işiniň häzirki zaman usulyýeti Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatyň esasy temalary boldy. Bu maslahat Atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde geçirildi.

Foruma 20-den gowrak döwletden öňdebaryjy alymlar, atçynaslar we ugurdaş guramalaryň bilermenleri gatnaşdy. Olaryň arasynda Halkara atçylyk sporty boýunça federasiýasynyň (FEI), Fransiýanyň Milli ylmy barlaglar merkeziniň (CNRS), Fransiýanyň Atçylyk sporty boýunça federasiýasynyň hem-de ABŞ-nyň Ahalteke atlary gaznasynyň wekilleri hem bar.

Daşary ýurtly ylmy-barlagçylaryň üns merkezinde tohumyň Türkmenistanyň çäginde gelip çykyşyny tassyklaýan düýpli taryhy maglumatlar bilen bir hatarda, bedewleri bellige almak, ýaş hünärmenleri taýýarlamak we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen dünýäniň degişli ylmy merkezleriniň arasynda akademiki gatnaşyklary berkitmek ýaly amaly meseleler hem boldy.

Maslahatyň işi bäş sany ýöriteleşdirilen bölüm boýunça alnyp baryldy. Olarda ylmy we medeni ugurlaryň giň toplumy, şol sanda weterinar genetika, ahalteke tohumynyň dünýäniň şekillendiriş we amaly-haşam sungatyna täsiri hem-de milli seýisçilik sungatyny ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawlaryna girizmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Arkadag şäherinde öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň we sanly ylmy-önümçilik toplumlarynyň ornaşdyrylmagy bilermenleriň jemgyýetinde aýratyn gyzyklanma döretdi. Bu tehnologiýalar seçgiçilik işini kadalaşdyrmak, molekulýar-genetik seljermeleri geçirmek we sport lukmançylygyny ösdürmek üçin häzirki zaman kadalaşdyryjy-hukuk hem-de ylmy-barlag binýadyny döretdi. Şeýle giň gerimli ylmy forumyň Ýewropanyň meýdançasynda geçirilmegi behişdi bedewleriň özboluşly genofonduny gorap saklamak we ösdürmek boýunça ylmy barlaglary utgaşdyrýan dünýä merkezleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň ornunyň pugtalandyrylmagyna goşant goşdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026