Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi


Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň üns merkezinde işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary işjeňleşdirmek, port infrastrukturasyny, oba hojalyk tehnologiýalary we energetika pudagyny ösdürmek boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri durýar.
Şu günki dialogda Kronenberg şäherinde geçirilýän atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatyna hem-de ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi aýratyn orun eýeleýär. Bu çäreler Ýewropa tarapynyň türkmen halkynyň milli medeni mirasyna we atçylyk däplerine barha artýan gyzyklanmasyny görkezýär.
Köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň amaly ugurlary we halkara gün tertibiniň esasy meseleleri Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Niderlandlar Patyşalygynyň daşary işler ministri Tom Berendseniň 3-nji sentýabrda Gaagada geçirilen iş duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar ählumumy meseleleri çözmek üçin hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine, syýasy-diplomatik usullara ygrarlydyklaryny tassykladylar hem-de ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen yzygiderli geňeşmeleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.







