Ermenistanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini Ýerewanda COP 17-niň öň ýanynda geçiriljek Liderleriň sammitine gatnaşmaga çagyrdy


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan 4-nji sentýabrda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler. Telefon arkaly söhbetdeşlik ermeni tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi. Gepleşigiň esasy netijesi ýokary derejede özara çakylyklaryň alşylmagy boldy: Nikol Paşinýan Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny BMG-niň Bioköpdürlülik baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 17-nji maslahatynyň (COP 17) öň ýanynda geçiriljek Liderleriň sammitine gatnaşmaga çagyrdy, Prezident Serdar Berdimuhamedow bolsa Premýer-ministr Nikol Paşinýany 9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmaga ýene bir gezek çagyrdy.
Taraplar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş depginine ýokary baha berdiler. Ermenistanyň Premýer-ministri Aşgabat şäheriniň halkara ekologik başlangyçlarynyň ähmiýetini aýratyn nygtap, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmenistanyň oktýabr aýynda Ýerewanda geçiriljek ekologik forumyna işjeň gatnaşjakdygyny tassyklap, döwlet Baştutany köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmagyň ähmiýetine, şeýle hem sebitleýin durnuklylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň netijeli durmuşa geçirilmegine ünsi çekdi.








