HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Nuhuň gämisinde» alymlaryň geçirýän barlag işleriniň ýerinde radarlar ýerasty anomaliýalary ýüze çykardy

Sentýabr 05, 2026 | 20:21 |1361
Türkiýäniň gündogarynda, Ararat dagynyň golaýynda ýerleşýän we äpet gämini ýadyňa salýan görnüşi bilen meşhur bolan Durupynar gaýa gurluşy ýene-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň üns merkezine düşdi. Halkara alymlar topary türk arheologlary bilen bilelikde bu ýerde geçirilen üç ölçegli georadar skanirlemesiniň deslapky netijelerini hödürlediTürkiýäniň gündogarynda, Ararat dagynyň golaýynda ýerleşýän we äpet gämini ýadyňa salýan görnüşi bilen meşhur bolan Durupynar gaýa gurluşy ýene-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň üns merkezine düşdi. Halkara alymlar topary türk arheologlary bilen bilelikde bu ýerde geçirilen üç ölçegli georadar skanirlemesiniň deslapky netijelerini hödürledi
Çeşme: hispanatolia.com

Türkiýäniň gündogarynda, Ararat dagynyň golaýynda ýerleşýän we äpet gämini ýadyňa salýan görnüşi bilen meşhur bolan Durupynar gaýa gurluşy ýene-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň üns merkezine düşdi. Halkara alymlar topary türk arheologlary bilen bilelikde bu ýerde geçirilen üç ölçegli georadar skanirlemesiniň deslapky netijelerini hödürledi.

Türkiýäniň «Milliyet» neşiriniň taslamanyň ýolbaşçysy, arheologiýa professory Jenkеr Atilä salgylanyp habar bermegine görä, obýektde giň gerimli barlag işleri 2026-njy ýylyň tomsunda başlandy. Alymlar ýerasty gatlaklary radar arkaly skanirlemek üçin ABŞ-nyň Harby howa güýçleriniň tehnologiýalary esasynda işlenip düzülen ýöriteleşdirilen ulgamlary ulandylar.

Esasy gyzyklanma döredýän ýagdaý — skanirleme netijeleriniň gaýanyň tebigy gelip çykyşy baradaky esasy çaklamany sorag astyna almagydyr. Enjamlar bitewi gaýa massiwiniň ýerine ýer ýüzüniň çuňlugynda biri-birini göni burçlar bilen kesip geçýän boşluklary, gatlakly gurluşlary we dürli anomaliýalary ýüze çykardy.

«Birnäçe derejede biri-birini kesip geçýän boşluklaryň we burçly konturlaryň bolmagy olaryň adam eli bilen gurlan gäminiň bölekleri bolup biljekdigi baradaky soragy döretdi. Topragyň nusgalarynyň seljermesi gurluşyň içki bölegindäki uglerodyň derejesiniň daşky bölegindäkiden 40 göterim ýokarydygyny görkezdi. Bu organiki maddalaryň ýa-da agaç galyndylarynyň bolmagynyň mümkindigini gönüden-göni görkezýär» diýip, professor Jenker Atiläniň sözlerini TASS agentligi getirýär.

Üns bererlik ýeri, gämi şekilli gurluşyň uzynlygy takmynan 157–164 metre ýetýär. Bu Gadymy töwratda beýan edilen Nuhuň gämisiniň ölçegi — 300 tirsek bilen deňeşdirip boljak ululykdyr.

Şol bir wagtyň özünde, geomehanika we ýerasty radiolokasiýa boýunça bilermen Hosrow Bahtar Hispanatolia portalyna beren teswirinde alnan üç ölçegli maglumatlaryň deslapky häsiýete eýedigini nygtady. Radar anomaliýalarynyň özi obýektiň adam eli bilen döredilendigini entek subut etmeýär. Şeýle-de bolsa, olar kern görnüşinde synag nusgalaryny almak üçin buraw işleriniň geçiriljek ýerlerini takyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Alymlar takmynan müň nusga almagy we saklanyp galan bölekleriň himiki seljermesini geçirmegi meýilleşdirýärler. Alymlar Durupynaryň aşagynda gadymy gäminiň galyndylarynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny görkezýän gutarnykly netijeleri ýakyn iki aýyň dowamynda çap etmegi meýilleşdirýärler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Aşa sagçy AfD Saksoniýa-Anhalt saýlawlarynda 44 göterim ses alyp, rekord netijäni görkezdi

Aşa sagçy AfD Saksoniýa-Anhalt saýlawlarynda 44 göterim ses alyp, rekord netijäni görkezdi

20:00 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026