Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular


Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Derweze geňeşliginiň Ataguýy we Böri obalarynyň ýaşaýjylary üçin döwrebap telefon aragatnaşygy we internet hyzmatlary elýeterli boldy. Taslama milli «TürkmenÄlem 52°E» emeli hemrasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanylyp, «Ahaltelekom» kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy.
Obalarda sanly infrastrukturaň işe girizilmegi ýerli ýaşaýjylar üçin gönüden-göni amaly mümkinçilikleri açýar. Indi oba ýaşaýjylary etrap merkezine gitmezden elektron döwlet hyzmatlaryndan peýdalanyp, sanly tölegleri amala aşyryp, onlaýn bilim alyp we kiçi telekeçiligi ösdürip bilerler.
Ataguýy we Böri obalarynyň aragatnaşyk ulgamyna birikdirilmegi Türkmenistanyň sebitlerini sanlylaşdyrmak boýunça döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde nobatdaky ädim boldy. «TürkmenÄlem 52°E» emeli hemrasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak ýurdumyzyň iň uzakdaky ilatly ýerlerini hem ýokary hilli aragatnaşyk bilen üpjün etmek wezipesini netijeli çözmäge ýardam berýär.
ORIENT







