HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan biodürlüligi gorap saklamak boýunça milli meýilnamasyny täzeleýär

Sentýabr 05, 2026 | 22:08 |3338
Aşgabatda biodürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýany we Hereketleriň meýilnamalaryny täzelemäge, şeýle hem Biodürlülik hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýasy boýunça Ýedinji milli hasabaty taýýarlamaga bagyşlanan iki günlük milli seminar geçirilýär. Forum Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hyzmatdaşlygynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) we Ählumumy ekologiýa gaznasynyň (GEG) giň gerimli taslamasynyň çäklerinde guraldyAşgabatda biodürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýany we Hereketleriň meýilnamalaryny täzelemäge, şeýle hem Biodürlülik hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýasy boýunça Ýedinji milli hasabaty taýýarlamaga bagyşlanan iki günlük milli seminar geçirilýär. Forum Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hyzmatdaşlygynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) we Ählumumy ekologiýa gaznasynyň (GEG) giň gerimli taslamasynyň çäklerinde guraldy
Çeşme: mfa.gov.tm

Aşgabatda biodürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýany we Hereketleriň meýilnamalaryny täzelemäge, şeýle hem Biodürlülik hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýasy boýunça Ýedinji milli hasabaty taýýarlamaga bagyşlanan iki günlük milli seminar geçirilýär. Forum Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hyzmatdaşlygynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) we Ählumumy ekologiýa gaznasynyň (GEG) giň gerimli taslamasynyň çäklerinde guraldy.

Gün tertibiniň esasy meselesi Türkmenistanyň 2026–2035-nji ýyllar üçin biodürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýasynyň we Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak boldy. Bu resminama geljekki onýyllykda ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak üçin ylmy taýdan esaslandyrylan binýady döredýär. Onda häzirki zaman halkara ekologik standartlary sebitiň ýerli tebigy-howa şertleri bilen utgaşdyrylýar.

Çäräniň giňişleýin görnüşde geçirilmegi — degişli döwlet edaralarynyň wekilleriniň, öňdebaryjy ylmy institutlaryň, işewür toparlaryň we ekologik jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagy — ekologik meseleleriň çözülmegine toplumlaýyn we inklýuziw çemeleşmäniň bardygyny görkezýär.

Bilermenler we dialoga gatnaşyjylar diňe bir durnukly ösüşiň nazaryýet meselelerine däl, eýsem ykdysady ösüş bilen tebigy serişdeleri aýawly peýdalanmagyň arasynda deňagramlylygy üpjün etmegiň amaly mehanizmlerine hem ünsi jemlediler.

Seminaryň iş maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Biodürlülik hakynda Konwensiýasy boýunça Ýedinji milli hasabatynyň taslamasy, şeýle hem Kartahena (biologik howpsuzlyk) we Nagoý (genetik serişdeleriň elýeterliligi hem-de peýdalaryň adalatly paýlaşylmagy) protokollary boýunça ýöriteleşdirilen hasabatlaryň taslamalary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu resminamalaryň yzygiderli taýýarlanylmagy Türkmenistanyň ählumumy ekologik dialogyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde halkara borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýändigini we BMG-niň degişli düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýändigini tassyklaýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026