HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Azerbaýjan konsullyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrdy

Sentýabr 03, 2026 | 16:38 |1529
2-nji sentýabrda Aşgabatda iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň degişli gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde türkmen-azerbaýjan konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirildi2-nji sentýabrda Aşgabatda iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň degişli gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde türkmen-azerbaýjan konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

2-nji sentýabrda Aşgabatda iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň degişli gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde türkmen-azerbaýjan konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirildi.

Duşuşygyň esasy maksady ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny goramak hem-de migrasiýa we hukuk ulgamlaryndaky amaly meseleleri çözmekden ybarat boldy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň raýatlarynyň kanuny bähbitlerini goramak bilen bagly meseleleriň toplumyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar migrasiýa gulluklarynyň işini kämilleşdirmek, hukuk kömegini bermek we iki döwletiň ygtyýarly edaralarynyň arasyndaky aragatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

сотрудничество в консульской сфере с Азербайджаном 1

Azerbaýjanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary üçin amatly şertleri döretmäge, şeýle hem olaryň bolýan ýerlerini resmileşdirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, edaralaryň wekilleri goşa raýatlyk ýagdaýlarynyň öňüni almak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we migrasiýa hem-de hukuk goraýjy edaralar ulgamynda tejribe alyşmagy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ädimleri kesgitlediler.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar konsullyk geňeşmeleriniň Teswirnamasyna gol çekdiler. Resminamada gepleşikleriň esasy netijeleri we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça gazanylan ylalaşyklar berkidildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026