Xiaomi kuwwatly akkumulýatorly POCO X8 smartfonyny tanyşdyrdy


Xiaomi kompaniýasy dünýä bazary üçin niýetlenen orta derejeli täze POCO X8 smartfonyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Enjamyň esasy aýratynlygy onuň kuwwatly akkumulýatorydyr. Täze model uzak wagtlap zarýadsyz işlemäge we ýokary berklige ähmiýet berýän ulanyjylar üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär.
Modeliň esasy artykmaçlygy kuwwaty 8340 mA·s bolan kremniý-uglerodly akkumulýator bolup, ol 67 Wt kuwwatly çalt zarýad bermegi goldaýar. Akkumulýator 1600 gezek zarýad beriş tapgyryndan soň hem kuwwatynyň azyndan 80%-ini saklamaga niýetlenendir.
POCO X8-iň esasy tehniki aýratynlyklary:
• Displeý: 120 Gs täzeleniş ýygylygy bolan, diagonaly 6,83 dýuýmlyk aýdyň AMOLED ekran we Gorilla Glass Victus 2 berk gorag aýnasy;
• Öndürijilik: täze, energiýany tygşytlaýan Snapdragon 6s Gen 4 prosessory;
• Kameralar: optiki şekil stabilizasiýasy (OIS) ulgamy bolan 50 MP esasy kamera we 16 MP öň kamera;
• Gorag we ygtybarlylyk: IP68 we IP69K standartlaryna laýyk suw geçirmezlik goragy bolan güýçlendirilen korpus;
• Programma üpjünçiligi: HyperOS 3 firma gabygynyň esasynda işleýän täze Android 16 operasion ulgamy.
Smartfon gara, ak we mämişi reňklerde elýeterli bolar. Täze model syýahat, iş we güýmenje üçin rozetka yzygiderli bagly bolmazdan uzak wagtlap ulanyp boljak ygtybarly enjam gözleýänler üçin amatly saýlaw bolar.
ORIENT







