Täze Daşkentdäki çüwdürim iki gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi


Täze Daşkentde gurlan sazly çüwdürim resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girip, birbada iki dünýä rekordyny goýdy. Özboluşly desganyň rekordlaryny tassyklaýan dabaraly şahadatnamalary Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi eminleriniň biri Meggi Lo gowşurdy. Bu barada Yuz.uz habar berýär.
Birinji rekord «Açyk meýdandaky iň beýik sazly çüwdürim» ugrundan hasaba alyndy. Onuň suw çüwdürimleriniň beýikligi 232,69 metre ýetdi. Şeýlelikde, öňki dünýä rekordyndan takmynan 28 metr ýokary görkeziji gazanyldy. Öňki rekord 204,7 metre deňdi.
Ikinji täsin üstünlik «Tegelek görnüşli suw ekranyna düşürilen iň uly proýeksiýa» ugrundan goýuldy. Suw proýeksiýa ekranynyň meýdany 2 617,23 inedördül metre ýetdi. Bu görkeziji öňki 2 400 inedördül metrlik rekorddan ep-esli ýokarydyr.
Täze iri gidrotehniki toplum paýtagtyň esasy nyşanlarynyň birine we şäheriň ýaşaýjylary hem-de syýahatçylar üçin özüne çekiji ýere öwrüler.
ORIENT







