Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy


31-nji awgustda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Patyşalygyň jemgyýetçilik diplomatiýasy meseleleri boýunça Daşary işler ministriniň orunbasary Raýed bin Haled Karmali bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda saud diplomaty türkmen tarapyna ýurduň giň gerimli durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen «Vision 2030» strategik maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada maglumat berdi. Ol bu özgertmeleriň esasy hereketlendiriji güýjüniň ýaşlardygyny nygtady.
Taraplar syýasy, medeni-ynsanperwer, şeýle hem ylym we bilim ugurlarynda türkmen-saud gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Hususan-da, Ilçi ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek, şol sanda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany we degişli hyzmatdaşlyk resminamalaryny baglaşmak arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça teklipleri öňe sürdi.
Duşuşygyň dowamynda bu ugurda tejribe alyşmagyň, talyplary taýýarlamagyň, şeýle hem bilelikdäki ylmy maslahatlary we sergileri guramagyň möhümdigi bellenildi.
ORIENT







